Sepleriň elýeterliligi

“Freedom Now” guramasy türkmen aýdymçylary hakda


Ýakynda türkmen türmesinden boşadylan aýdymçylardan biri Maksat Kakabaýew.

Ýakynda türkmen türmesinden boşadylan aýdymçylardan biri Maksat Kakabaýew.

Anna güni düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom Now” guramasy türkmenistanly aýdymçylar Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň tussaglykdan boşadylmagyna oňyn reaksiýa bildirip, press-reliz ýaýratdy.

Bu press-relizde “Freedom Now” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Maran Turner “Biz Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň möhletinden öň türmeden boşadylmaklaryny we öz maşgalalaryna gowuşmaklaryny örän hoşallyk bilen garşy aldyk. Tussaglykda wagtlary olaryň niredeligi we olaryň ýagdaýy barada hiç zat bilinmedi diýen ýaly” diýip belläpdir.

Şeýle hem, Maran Turner “Biz Türkmenistanyň hökümetini bu aýdymçylaryň ‘ýitirim edilmekleri’ ýaly wakalaryň soňuna çykmaklyga çagyrýarys. Bular ýaly wakalar diňe bu tussaglaryň hal-ýagdaýy ugrundaky aladalaryň has-da artmagyna sebäp bolýar” diýip nygtapdyr.

“Freedom Now” guramasynyň internet saýtynda bu barada ýerleşdirilen maglumatda MaRo lakamly Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň Türkiýäniň bir aýdym-saz kanalynda çykyş etmekleriniň yzy bilen, 2011-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendikleri aýdylýar.

Bu maglumatda aýdylmagyna görä, başda bu aýdymçylaryň ikisem wagtlaýyn tussaghanada saklanypdyr we organ işgärleriniň söz arkaly hem-de fiziki kemsitmelerini başdan geçiripdirler.

“Freedom Now” guramasy wagtlaýyn tussaglykdan soň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud prosesinden soň türkmenistanly bu aýdymçylaryň ikisiniň-de gözden sumat bolandyklaryny belleýär.

Şübhe döreden ýagdaýlar

Guramanyň press-relizinde ýapyk sud prosesinden soň käbir çeşmelerden Maksat Kakabaýewiň öz goňşusy bilen şondan bir ýyl ozal telewizor antennasynyň üstünde ýüze çykan dawa-jenjellerinde aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna hüküm edilendiginiň belli bolandygy aýdylýar.

Guramanyň bellemegine görä, beýleki bir aýdymçy Myrat Owezow hem şondan has ozal bir awtomobil awariýasyna sebäp bolanlygy bilen dahyllylykda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom Now” guramasy bu aýdymçylara bildirilýän aýyplamalardaky wakalaryň has ozal bolandygyny hem-de olara berlen tussaglyk möhletiniň has uzak möhletlerdigini göz öňünde tutmak bilen, käbir synçylaryň olara berlen bu jezalary ideologik sebäpler bilen baglanyşdyrýandyklaryny aýdýar.

Hususan-da, guramanyň bellemegine görä, synçylar türkmen häkimiýetleriniň bu aýdymçylary jezalandyrmaklaryny olaryň aýdymlarynyň mazmunynyň ideologik äheňde bolmagy hem-de olaryň günbatar stilinde çykyş etmekleri bilen baglanyşdyrýarlar.

“Freedom Now” guramasy öz press-relizinde ýakynda, 8-nji fewralda Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň türkmenistanly aýdymçylar Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň, şeýle hem wyždan ýesiri diýlip hasaplanylýan Gulgeldi Annaniýazowyň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, türkmen häkimiýetlerine ýörite hat gönderendiklerini-de belläpdir.

“Freedom Now” guramasy öz internet saýtynda bu baradaky press-reliziň teksti bilen birlikde Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň aýdymlarynyň kliplerini-de ýerleşdiripdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG