Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaweziň bejergi alýandygy aýdylýar


Wenesuelanyň wise-prezidenti Nikolas Maduro ýurduň prezidenti Hugo Çaweziň nobatdaky gezek himiýa-terapiýa bejergisini alýandygyny mälim etdi. Ýöne ol Hugo Çaweziň “gowy keýpdedigini” öňe sürdi.

Nikolas Maduro anna güni paýtagt Karakasdaky hristian ybadathanasynda Hugo Çaweziň baş saglygy üçin geçirilen doga okaýyşlyk çäresinde sözlän bu sözünde prezident Çaweziň ölüm halyndadygy ýa-da onuň eýýäm ölendigi barada aýdylýan zatlary ret etdi.

Ol şeýle maglumatlaryň ýaýramagynda daşary ýurtlardaky oppozision toparlary, şeýle hem Ispaniýanyň “ABS” gazetini we Kolumbiýanyň “Karakol” radiostansiýasyny aýyplady. Nikolas Maduro bu maglumatlary “Wenesuelanyň durnuklylygyna garşy kampaniýa” diýip atlandyrdy.

Kubada rak keselinden iki aýlap bejergi alan Hugo Çawez ýakynda Wenesuela gaýdyp geldi. Emma ol geçen ýylyň 11-nji dekabryndan bäri jemgyýetçiligiň öňünde peýda bolanok.
XS
SM
MD
LG