Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama býujet barada karar etdi


Anna güni giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama býujet çykdajylaryny 85 milliard dollar tygşytlamak baradaky karara gol çekdi.

Bu wakanyň öňýany ol Kongresdäki demokratlara we respublikançylara bu tygşytlaýyş çäresi barada özara ortak bir ylalaşyga gelmekligi sorap, ýüz tutdy.

Ýöne anna güni ýarygijä çenli berlen möhletiň içinde iki partiýanyň wekilleri anyk bir ylalaşyga gelip bilmänsoňlar, Obama, wagty uzaklaşdyrman, bu baradaky karara gol çekdi.

Onuň bu karary Birleşen Ştatlaryň 11.7 trillion dollar býujet defisitini azaltmak ugrunda göz öňünde tutulýan planlar bilen baglanyşykly.

Býujetiň bu ýylky çykdajylaryny 85 milliard dollar azaltmak baradaky bu karar bu ýyl döwlet tarapyndan maliýeşdirilýän içerki edara-kärhanalara goýberilýän serişdeleri 5 prosent azaltmaklygy, Goranmak departamentine goýberilýän serişdeleri bolsa 8 prosent azaltmaklygy göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG