Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada uly demonstrasiýa gurnaldy


Şenbe güni Kremle tarapdar aktiwistleriň müňlerçesi Moskwada orsýetli çagalaryň daşary ýurtly raýatlar tarapyndan perzentlige alynmagynyň gadagan edilmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdi. Moskwanyň polisiýasy bu demonstrasiýa 12 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýar.

Bu wakadan bir gün öň Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri ýakynda bu ýurtda öz öweý ene-atasynyň öýünde ölen orsýetli üç ýaşly Maksim Kuzminiň özi tarapyndan tötänlikde alan ýarasyndan ölendigi barada netije çykaryp, beýanat ýaýratdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ynsan hukuklary, demokratiýa we kanunçylyk boýunça ýörite wekili Konstantin Dolgow Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleriniň bu ugurdaky derňewlerini “kemter” diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.

Şenbe günki demonstrasiýada “Orsýetli eneler” atly hereketiň koordinatory Irina Bergset protestçileriň ABŞ-da ölen Maksim Kuzminiň dogany Kristoforyň Orsýete gaýtarylmagyny talap edýändiklerini-de aýtdy.
XS
SM
MD
LG