Sepleriň elýeterliligi

“Freedom Now” press-reliz ýaýratdy


Anna güni düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom Now” guramasy türkmenistanly aýdymçylar Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň tussaglykdan boşadylmagyna oňyn reaksiýa bildirip, press-reliz ýaýratdy.

Bu press-relizde “Freedom Now” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Maran Turner “Biz Maksat Kakabaýew bilen Myrat Owezowyň möhletinden öň türmeden boşadylmagyny we öz maşgalalaryna gowuşmaklaryny örän hoşallyk bilen garşy aldyk. Tussaglykda wagtlary olaryň niredeligi we olaryň ýagdaýy barada hiç zat bilinmedi diýlen ýaly” diýip belläpdir.

Şeýle hem, Maran Turner “Biz Türkmenistanyň hökümetini bu aýdymçylaryň ‘ýitirim edilmekleri’ ýaly wakalaryň soňuna çykmaklyga çagyrýarys. Bular ýaly wakalar diňe bu tussaglaryň hal-ýagdaýy ugrundaky aladalaryň has-da artmagyna sebäp bolýar” diýip nygtapdyr.

Hökümete degişli bolmadyk “Freedom Now” guramasy wyždan ýesirleriniň tussaglykdan azat edilmekleri ugrunda iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG