Sepleriň elýeterliligi

Ýerewanda protest çäresi geçýär


Şenbe güni Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda ýakynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň sany boýunça ikinji netijäni görkezen Raffi Howannisýanyň tarapdarlary demonstrasiýa gurnadylar.

Ermenistanyň ozalky daşary işler ministri, “Žarangutiun”, ýagny “Miras” partiýasynyň lideri Raffi Howannisýan we onuň tarapdarlary 18-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Serž Sarkisýanyň galp ýollar arkaly ýeňiş gazanandygyny öňe sürýärler.

Ermenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlik saýlawlarynda Serž Sarkisýanyň 58 prosent, Raffi Howannisýanyň bolsa 37 prosent sese eýe bolandygyny yglan edipdi.

Saýlawlardan bäri Raffi Howannisýanyň tarapdarlary Ýerewanda we ýurduň beýleki region merkezlerinde yzly-yzyna protest çärelerini gurnap gelýärler.
XS
SM
MD
LG