Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gepleýär Azatlyk Radiosy!”


RFE/RL-niň Türkmen gullugynda köp ýyllar işlän ozalky baýry žurnalistler (çepden saga) Aman Berdimyrat, Allamyrat Halmyrat we Myrat Täçmyrat. Arhiw suraty.
RFE/RL-niň Türkmen gullugynda köp ýyllar işlän ozalky baýry žurnalistler (çepden saga) Aman Berdimyrat, Allamyrat Halmyrat we Myrat Täçmyrat. Arhiw suraty.
“Gepleýär Azatlyk Radiosy!” Ol indi laýyk 60 ýyl bäri hut şu sözler bilen efire ýaýraýar. Dürli döwürlerde bu sözi dürli adamlar efire ýaýratdy. Biziň ildeşlerimiz asla ýeňil bolmadyk şertlerde bu işi ýola goýupdy.

“Azatlyk” täze asyrda, bu günki günde hem halkyň hyzmatynda. Demokratik aň-düşünjäni ýaýratmakda hem halk köpçüligine dogry maglumatlary bermekde bu radionyň hyzmatyna dürlüçe baha berýärler.

Meselem, mundan üç ýyl owal Çehiýa döwleti “Azat Ýewropa Radiosynyň” döredilen gününi döwlet derejesinde belläp geçipdi hem ýurtda demokratiýany ösdürmekde onuň hyzmatyna ýokary baha beripdi. Çehiýanyň resmileri öz baýry žurnalistlerini hormat bilen atma-at ýatlap geçdiler, bu barada ýörite kitap çap etdiler.

Aslynda, Azatlyk Radiosy köp çekeleşikler hem kynçylyk bilen döredildi. Bir guwançly tarapy, şeýle möhüm işiň başynda biziň ildeşimiz, doktor Aman Berdimyrat hem durupdy.

Biz bu gün Azatlyk Radiosyny döretmekde dürli yzarlanmala hem güzaplara duçar bolan şol ynsanlary ýatlaýarys.

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki Medeniýet programmasynda dünýäniň dürli regionlaryna degişli käbir medeniýet we sungat täzelikleri bilen birlikde, Azatlyk Radiosynyň 60 ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly ýörite söhbet edilýär.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG