Sepleriň elýeterliligi

Assad Britaniýany tankyt etdi


Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Britaniýanyň “Sunday Times” gazetine beren interwýusynda Britaniýany oppozision söweşijilere ýardam bermekde tankytlady.

Telewideniýe üçin alnan bu wideo-interwýusynda Başar al-Assad Britaniýanyň Siriýadaky meselelere goşulyşmagyny “türkana” we “howaýy zat” diýip atlandyrdy. Käbir beýleki daşary döwletler bilen bir hatarda Britaniýa hem Siriýanyň oppozisiýasyny ýakyndan goldap gelýär.

Ol Siriýanyň geljekki hökümetiniň işine Başar al-Assadyň gatnaşdyrylmaly däldigi barada oppozisiýanyň tutýan pozisiýasyny-da goldaýar. Britaniýa Siriýadaky oppozision söweşijilere ýarag berilmegini gadagan edýän gadagançylygyň ýatyrylmagynyň-da tarapyny tutýar.

Prezident Assad öz interwýusynda Britaniýanyň bular ýaly hereketleri Siriýadaky söweşleriň bes edilmegine ýardam eder diýip garaşmaklygyň akmaklyk boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG