Sepleriň elýeterliligi

Makedoniýada bulagaýçylyklar boldy


Makedoniýanyň polisiýasy bu ýurduň paýtagty Skopýede şenbe güni ýerli makedonlaryň we albanlaryň döreden bulagaýçylyklarynda azyndan 22 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. Polisiýa bu wakalarda 18 adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Bu bulagaýçylyklar şondan bir gün öň Makedoniýanyň paýtagtynda ýerli makedonlaryň ýüzlerçesiniň asly alban milletinden bolan Talat Ksaferiniň goranmak ministri wezipesine bellenmegine garşy protest bildirip, çykyş etmekleri bilen başlandy.

Makedonlaryň bu protestine jogap edip, şenbe güni ýerli albanlaryň-da bir topary proteste çykdylar.

Bu protest çykyşlary makedonlaryň we albanlaryň ýykan-ýumrançylyklary döretmekleri we özara çaknyşmaklary bilen alamatlandy. Polisiýanyň protestçiler bilen çaknyşyklarynda 13 sany polisiýa işgäriniň ýaralanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG