Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trener HOK-e protest bildirýär


Ýekşenbe güni Bolgariýanyň göreş boýunça komandasynyň baş treneri Armen Nazarýan olimpiýa oýunlaryndan sportuň göreş görnüşini aýyrmak baradaky planlara garşy protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Asly ermenistanly Armen Nazarýan muňa protest görnüşinde şu ýylyň 22-nji martynda göreş boýunça Ýewropa çempionaty başlanýança özüniň hiç zat iýmekçi däldigini aýtdy.

1996-njy ýylda Ermenistanyň komandasynyň hatarynda, 2000-nji ýylda bolsa, Bolgariýanyň komandasynyň hatarynda Olimpiadanyň altyn medalyna eýe bolan 39 ýaşly Armen Nazarýan Halkara Olimpiada Komitetiniň sportuň göreş görnüşini olimpiýa oýunlaryndan aýyrmak baradaky planlaryndan bütinleý çekmekligini talap edýändigini mälim etdi.

Ýakynda Olimpiada Komitetiniň şu planlaryna protest bildirip, Bolgariýanyň göreş fondunyň başlygy, göreş boýunça dünýäniň ýedi gezek çempiony Walentin Ýordanow özüniň 1996-njy ýyldaky Olimpiadada gazanan altyn medalyny Halkara Olimpiada Komitetine gaýtardy.
XS
SM
MD
LG