Sepleriň elýeterliligi

Karzaý çagalaryň öldürilmegini ýazgardy


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý NATO-nyň harby wertolýotynyň hüjüminde iki sany çagynyň öldürilmegini ýazgaryp çykyş etdi.

Uruzgan welaýatynyň günortasynda ýalňyşlykda öldürilen diýlip hasaplanylýan bu çagalaryň ikisiniňem 7 ýaş töweregindäki çagalardygy aýdylýar. Maglumata görä, olar şu geçen hepdäniň penşenbe güni goýun bakyp we odun çöpläp ýörkäler NATO-nyň howa hüjüminde öldürilipdir.

Owganystandaky halkara koalision güýçleri bu tragediýanyň jogapkärçiligini doly öz üstlerine alýandyklaryny mälim etdiler.

Bu waka Owganystanda NATO güýçleriniň hüjümlerinde köp parahat ýaşaýjylaryň ölýändigi bilen baglanyşykly gahar-gazaplaryň artan döwrüne gabat geldi.

Bu iki çaganyň ölümi üçin Uruzgan welaýatyndaky awstraliýaly harby güýçleriň ötünç sorandyklaryna garamazdan, hüjümiň awstraliýaly harbylarmy ýa-da amerikaly harbylar tarapyndan amala aşyrylandygynyň heniz anyk däldigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG