Sepleriň elýeterliligi

Assad Britaniýany oppozisiýany goldamakda tankytlady


Prezident Başar al-Assad özüniň wezipeden çekilmegi söweşleriň bes edilmegine getirer diýip pikir etmekligiň akmaklykdygyny aýtdy.

Prezident Başar al-Assad özüniň wezipeden çekilmegi söweşleriň bes edilmegine getirer diýip pikir etmekligiň akmaklykdygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Britaniýanyň “Sunday Times” gazetine beren interwýusynda özüniň wezipesinden çekilmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy we Britaniýany oppozision söweşijilere ýardam berýänlikde tankytlady.

“Sunday Times” gazetine beren we telewideniýede görkezilen bu wideo-interwýusynda Başar al-Assad Britaniýanyň Siriýadaky meselelere goşulyşmagyny “türkana” we “howaýy zat” diýip atlandyrdy.

“Britaniýanyň Siriýadaky problemalary harbylaşdyrmaga çalyşýan wagtynda biz ondan nädip bu konfliktlerde rol oýnmagyny sorap bileris? Olaryň terrorçylara harby goldaw bermek isleýän wagtynda hem-de siriýalylaryň arasyndaky dialogy kadalaşdyrmaga çalyşmaýan wagtynda nädip olardan ýagdaýy kadalaşdyrmaklygy sorap bolar? Bu logika laýyk gelýän zat däl” diýip, prezident Assad nygtady.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Wilýam Heýg ýekşenbe güni Başar al-Assadyň bu çykyşyna reaksiýa bildirmek bilen: “Munuň özi biziň häzirki zamanymyzda haýsydyr bir döwlet lideriniň beren iň bir ham-hyýal interwýusydyr” diýip, häsiýetlendirdi.

Britaniýanyň pozisiýasy

Käbir beýleki daşary döwletler, şol sanda Birleşen Ştatlar, Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi we birnäçe arap ýurtlary bilen bir hatarda Britaniýa hem Siriýanyň oppozisiýasyny ýakyndan goldap gelýär.

Ol Siriýanyň geljekki hökümetiniň işine Başar al-Assadyň gatnaşdyrylmaly däldigi barada oppozisiýanyň tutýan pozisiýasyny-da goldaýar.

Mundan daşary, Britaniýa Siriýadaky oppozision söweşijilere ýarag berilmegini gadagan edýän gadagançylygyň ýatyrylmagynyň-da tarapyny tutup çykyş edipdi. Emma Ýewropa Bileleşigi onuň bu baradaky çagyryşlaryny ret etdi. Häzirki wagt Ýewropada Siriýanyň oppozisýasyna diňe harby däl ýardamlaryň we tehniki goldawlaryň berilmegine rugsat berilýär.

Prezident Assad öz interwýusynda özüniň wezipeden çekilmegi söweşleriň bes edilmegine getirer diýip pikir etmekligiň “akmaklykdygyny” belläp, özüniň wezipeden çekilmek niýetiniň ýokdugyny belledi.

Başar al-Assad özüniň oppozisiýa bilen dialog geçirmäge taýýardygyny bellemek bilen bir wagtda, “terrorçylar” bilen gepleşik geçirip bilmejekdigini nygtady.

Siriýada oppozision söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda indi iki ýyl bäri dowam edýän ýaragly konfliktlerde jemi 70 müňden gowrak adam öldi diýlip hasaplanylýar.

Geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Başar al-Assada garşy göreş alyp barýan toparlara harby bolmadyk ýardamlary bermäge, şeýle-de oppozisiýanyň kontrollygynda ýerleşýän ilatly punktlardaky sanitariýa we bilim beriş işleri üçinem 60 million dollarlyk ýardam bermäge taýýardygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG