Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlarynyň ýurtdan çykmagy


Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy. Aşgabat.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy. Aşgabat.

20 ýaşlaryndaky türkmenabatly Gülsan Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, özüniň Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynyň birine kabul edilendigini, emma okuwa başlamazdan ozal ene-atasyny görmek üçin yzyna – Türkmenistana dolanyp gelenden soň, ýaňadandan ýurtdan çykarylmandygyny aýtdy.
Gülsanyň anyk näme sebäplerden ýurduň daşyna goýberilmändigi barada “Täze Tolkun” ýaşlar gepleşiginiň nobatdaky, 6-njy martda gitjek sanynda gürrüň ederis.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, onda Gülsanyň ýagdaýyna başga-da, esli türkmenistanly duçar bolupdyr. Ýagny, daşary ýurtlara okama, işlämäge gitmekçi bolýan raýatlar, esasan Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilen bagly kynçylyklar sebäpli, ýurtdan çykarylmandyr.
Eýsem, siziň bu ýagdaýlar bilen bagly nähili tejribäňiz bar?
Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG