Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Çaknyşykda dört adam öldi


Müsüriň Port-Saýid şäherinde müňlerçe protestçi bilen polisiýanyň çaknyşygynda dört adam, şol sanda iki polisiýa işgäri hem öldi. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Ministrligiň duşenbe güni beren maglumatyna görä, ýekşenbe güni giçlik ýüze çykan protestlerde, başga-da 420 adam ýaralanypdyr.

Polisiýa geçen ýyl Port-Saýid şäherinde bolan futbol gazaplylygy bilen ilteşikli bolmakda gümän edilýän adamlary, başga ýerä geçirmek baradaky kararyndan soň, protestçiler howpsuzlyk işgärlerine daşlary we içi ýangyçly çüýşeleri zyňdylar.

Şu ýyl suduň karary bilen 2012-nji ýyldaky futbol gazaplylygy bilen bagly 21 adam ölüm jezasyna höküm edilenden soňra, 26-27-nji ýanwarda Port-Saýid şäherinde protestler boldy. Şonda 30 töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG