Sepleriň elýeterliligi

Karaçide matam yglan edildi


Pakistanyň Karaçi şäherinde amala aşyrylan ulag partlamasynda ölen 45 adamyň hatyrasyna matam tutulýar.

Duşenbe güni ýerli häkimiýetler şaýy musulmanlarynyň metjidiniň golaýynda bolan partlamanyň pidalary üçin bir gün matam yglan etdiler.

Ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni bolan partlamada başga-da 150 adam ýaralanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň pakistan gullugyna özüni “Jundallah sünni toparynyň metbugat wekili” diýip tanyşdyran bir adam jaň edip, bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy. Emma muny başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.
XS
SM
MD
LG