Sepleriň elýeterliligi

Çagany SPID-den bejermek başardypdyr


Alymlaryň bellemegine görä, AIDS (SPID) bilen dünýä inen bir çagany bu wirusdan bejermek başardypdyr.

Maglumata görä, iki ýaşly missisipili çagadan bir ýyla golaý wagt bäri AIDS wirusy tapylmandyr. Eger-de çaganyň görkezijileri durnukly saklansa, onda bu AIDS-den gutulmagy başaran, resmi taýdan yglan edilen, ikinji adam bolar.

Alymlaryň nygtaýşy ýaly, bu AIDS-a garşy göreşde has ygtybarly serişdeleri döretmek ugrunda barlaglaryň başlamagyna itergi bolup biler.
XS
SM
MD
LG