Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýryýew: 'Mugallymlaryň abraýyny ýokarlandyrmaly!'


Bilim güni. Aşgabat. 2012 ý.
Bilim güni. Aşgabat. 2012 ý.
Türkmenistan 2013-2014-nji okuw ýylyndan ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 12 ýyllyk okuw sistemasyna geçýär.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ozal öňki prezident S.Nyýazow tarapyndan 9 ýyllyga geçirilen orta mekdepleri gaýtadan 10 ýyllyga geçiripdi. Indi bolsa türkmenistanly çagalar 6 ýaşdan mekdebe gatnap, 12 ýyl bilim alarlar.

Prezidentiň bu karary “çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, talantly, Watana we halka wepaly, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek” zerurlygy bilen düşündirilýär.

Ýöne bu karar ýurtda ozalam ýetmezçiligi duýulýan mugallym kadrlaryny gyssagly taýýarlap ýetişdirmek meselesini hem orta çykarýar.

Eýsem bu meseläniň nähili çözgütleri bolup biler?

Azatlyk Radiosy bu barada aşgabatly hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG