Sepleriň elýeterliligi

Bugaýew: 'Çeper döredijilikde erkinlik gerek'


Türkmenistanda geçirilen kitap sergisinden bir görnüş. 2012 ý.

Türkmenistanda geçirilen kitap sergisinden bir görnüş. 2012 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda ýurtda döredilýän kinossenariýalaryň, pýesalaryň, romanlaryň, powestleriň, uly göwrümli poemalaryň çeperçilik derejesini kesgitleýän döwlet komissiýasy döredilýär.

Türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň bu barada degişli karara gol çekendigini habar berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ýazyjylarynyň uly göwrümli eserlerini çap etdirmek, kitap çykartmak mümkinçiliginiň örän çäklendirilendigi, bir topar ýazyjy-şahyryň bolsa gara sanawa girizilendigi aýdylýar.

Bu ýagdaý ýazyjylaryň käbiriniň öz kitaplaryny daşary ýurtlarda çap etdirmegine hem alyp geldi diýip, synçylar aýdýarlar.

Eýsem täze döredilýän komissiýa ýurtda “çap edilmegine garaşyp ýatan” diýilýän eserleriň ile ýetirilmegine ýol açarmy ýa-da ozaldan gelýän döwlet senzurasynyň dowamy bolarmy?

Azatlyk Radiosy bu barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG