Sepleriň elýeterliligi

Ýaşaýyş jaý kodeksi kabul edilýär, emma...


Köne hem täze jaýlar. Aşgabat, 2013 ý.

Köne hem täze jaýlar. Aşgabat, 2013 ý.

2-nji martda, Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky sessiýasynda ara alnyp maslahatlaşylan kanun proýektleriniň arasynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň hem bolandygy habar berilýär.

“Mejlisiň deputatlary “Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamak we işe girizmek hakyndaky” kanun proýektini taýýarladylar” diýip, habaryň dowamynda aýdylýar.

Resmi maglumatda tassyklanmagyna görä, täze kanunda raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan kepillendirilen hukuk gatnaşyklary täze bir derejä göterilýär.

Ýöne ýurtda şeýle kanunçylyk reformasynyň geçirilýändigine garamazdan, ýaşap oturan jaýy ýykylyp, bir topar maşgala bolup, mejbury ýagdaýda başga ýere göçürilýän we özlerine ýykylan jaýlaryna derek berlen jaýdan kanagatlanmaýan raýatlar hem bar.

Şeýle raýatlaryň biri, özüni Jahan diýip tanadan 50 ýaşly öý hojalykçy zenan Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna interwýu berdi. Ol Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabyndan şäheriň “Parahat” ýaşaýyş massiwine mejbury göçürilendigini aýdýar.

Jahan bilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG