Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sotbey’s sowet sungatynyň auksionyny geçirýär


"Çatrykda" atly auksiona gatnaşdyrylan eserleriň biri, awtor J.Usmanow (Özbegistan), Londonyň Sotbey's auksiony, 4-12-nji mart, 2013.

"Çatrykda" atly auksiona gatnaşdyrylan eserleriň biri, awtor J.Usmanow (Özbegistan), Londonyň Sotbey's auksiony, 4-12-nji mart, 2013.

Londonyň Sotbey’s auksionynda 4-nji martda açylýan sergide sowet sungatyna we Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň döwürdeş sungatyna degişli 50-ä golaý sungat eserleri satuwa çykaryldy. Bu auksiona gatnaşmaklyk sungat wekilleri üçin örän bähbitli mümkinçilikdir. Bu sergi Sotbey’s auksiony üçin bolsa postsowet giňişliginiň tütjar baýlarynyň arasynda täze müşderileri tapmaga ýol açýar.

Gazak hudožnigi Salihitdin Aitbaýew öz döredijiliginiň iň üstünlikli döwri bolan 1970-nji ýyllaryň başynda “pikassoçylykda” aýyplanypdy we sowet sungatynyň bilermenleriniň göwnünden turmak üçin öz döredijiliginiň ugruny üýtgetmeli bolupdy.

1994-nji ýylda aradan çykan Aitbaýewiň eserleri häzir meşhur bolup başlady. Awangard stilinde işlän Aitbaýew eserleri Sotbey’s auksionynda görkezilýän 50-den gowrak merkezi aziýaly we kawkazly hudožnikleriň biri.

Sungat aýratynlygy

Bir hepdelik sergi-auksion 4-nji martda Londonda açyldy. “Çatrykda” atly bu auksiona ermenistanly, azerbaýjanly, gürjüstanly, gazagystanly, gyrgyzystanly, täjigistanly we özbegistanly hudožnikleriň nonkonformizm, sosialistik realizm stillerindäki işleri, şeýle-de häzirki döwre degişli eserleri gatnaşdyrylýar.

Sotbey’s auksionynyň Ors bölüminiň ýolbaşçysy Joana Wikeri eserleriň stil taýdan bir-birinden öran tapawutlanýandygyny aýtdy, emma hemmesiniň-de sowet sungat mekdebinden gelip çykandyklarynyň olary birleşdirýändigini belledi.

Joanna Wikeriniň sözlerine görä, auksionyň guramaçylary 1960-njy ýyllardan başlap, tä häzirki döwre çenli degişli bolan eserleri jemläpdirler.

“Perestroýkadan we Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňky 20 ýyla golaý döwri alyp görsek, ýurtlaryň ählisinde sungatda milli aňyň kemala gelşiniň gözleginiň bardygyny görmek mümkin. Bu ozal sowet realistik mekdebi tarapyndan ýok edilýärdi” diýip, Joanna Wikeri aýdýar.

Hudožnik Rahym Ahmedowyň 1959-njy ýylda döreden “Surhanderýaly gyz” atly işi milli aýratynlyga eýe bolan eserleriň biri. Açyk reňkli geýim geýnen ýaş gelniň suratynda Özbegistanyň günorta regionlarynyň milli özboluşlylygy duýulýar.

Sergi ýaş hudožnikleriň işlerini-de öz içine alýar. Olaryň arasynda azerbaýjanly hudožnik Mahmud Rustamow we gazagystanly fotograf Almagül Menlibaýewa bar.

Täze müşderi

Auksiona gatnaşdyrylýan köp işler Günbatarda ilkinji gezek görkezilýär, bu çäre hudožnikler üçin meşhurlyga we uly girdejilere tarap ýol açýar. Auksionda satylýan eserleriň bahasy 3 müň dollardan başlanýar we Salahowyň portreti ýaly işleriň bahasy ýarym million dollara ýetýär.

Emma bu sapar potensial hyrydarlaryň aglabasy günbatarly müşderiler däl-de, kawkazly we merkezi aziýaly baý adamlar bolar diýlip garaşylýar.

“Financial Times” neşiri bilen işleşýän londonly žurnalist Jorjina Adam Sotbey’s auksionynyň postsowet giňişliginiň tütjar baýlaryny öz çärelerine çekip, potensial müşderileriniň sanyny artdyryp biljekdigini belleýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň durnuksyz döwründe şekillendiriş sungaty ýokary derejeli inwestorlar üçin pul ýatyrmaga iň howpsuz mümkinçilikleriň biridir.
Halkara sungat auksionyndaky söwdanyň möçberi ýylda 60 milliard dollardan aşýar.

Bir milliondan gowrak millionerleriň watany bolan Hytaý halkara sungat bazaryna öz täsirini ýetirýär.
XS
SM
MD
LG