Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Kerri we HAEG ýadro meselesinde progrese çagyrýar


Jon Kerri Saud Arabystanynda metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Riýad, 4-nji mart, 2013 ý.
Jon Kerri Saud Arabystanynda metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Riýad, 4-nji mart, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Halkara atom energiýasy gullugynyň başlygy (HAEG) Eýrany ýadro meselesinde öňegidişlige çagyrdy.

Kerri duşenbe güni Riýadda çykyş edip, Eýranyň ýadro programmasynyň diplomatiki çözgüdi hemişe açyklygyna galman hem biler diýdi.

Ol Eýran bilen aradaky gapma-garşylygy çözmek üçin henizem wagtyň bardygyny, ýöne munuň üçin Tähranyň bu meselä çynlakaý çemeleşmeginiň gerekdigini aýtdy.

"Häzirki wagtda üns merkezindäki mesele, ilkinji nobatda we has köp üns berilýän zat [Eýranyň] ýadro programmasy babatdaky kynçylyk bolmagynda galýar. Bu tutuş sebite howp salýar we hakykatda, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk meselesi sebäpli, global wehim bolup durýar. Eýran bilen gepleşikler gepleşik geçirmek hatyrasyna dowam etdirilip bilinmez. Gepleşikler wagt utmak we ahyrynda ýagdaýy has howply derejä ýetirmek üçin gurala hem öwrülip bilmez. Şeýlelikde, wagtyň hem öz çägi bar" diýip, Kerri aýtdy.

Şu arada, Ýukiýa Amano, HAEG-nyň başlygy hem Eýrany bikanun ýadro programmasy babatdaky gepleşikleri gerekmejek ýerden uzaltmazlyga çagyrdy.

Ol duşenbe güni HAEG-nyň ýolbaşçylar geňeşiniň Wenada bolan maslahatynda gepleşikleriň gaýragoýulmasyzlyk nukdaý nazaryndan we ýakyn wagtda anyk netijeleri gazanmak niýeti bilen dowam etdirilmelidigini nygtady.

Tähran şübheleri aradan aýyrmaly

Halkara atom energiýasy gullugy Tährana basyşy güýçlendirmek bilen, Eýrany ýadro ýaragyny edinmekçi bolýandygy baradaky şübheleri aradan aýyrmaga çagyrdy.

Dünýä boýunça ýadro ýaraglaryna gözegçilik edýän gurama Eýranyň Parçin harby desgasyna baryp görmek isleýär. Günbataryň aňtaw gulluklary Parçin ýadro ýaragynyň esasy elementleriniň synag edilýän ýeri bolmasyn diýip güman edýärler.

Günbatar döwletleri Eýrany ýadro ýaragyny edinjek bolmakda güman edýärler, Tähran muny inkär edýär. Eýran özüniň parahatçylykly maksat üçin uran baýlaşdyrmak hukugynyň bardygyny, Tährana garşy girizilen sanksiýalaryň ýalňyşdygyny we ýönekeý adamlary köseýändigini aýdýar.

Amano bu çagyryşyny Eýran we dünýäniň alty uly döwleti, ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Orsýet, Hytaý we Germaniýa geçen hepde Gazagystanda ýadro gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirenden soň etdi.
XS
SM
MD
LG