Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Oppozisiýa lideri ýurduň demirgazygyna sapar etdi


Siriýanyň sürgünlikdäki oppozision lideri Moaz Alhatib, Rim, 28-nji fewral, 2013.

Siriýanyň sürgünlikdäki oppozision lideri Moaz Alhatib, Rim, 28-nji fewral, 2013.

Siriýanyň sürgünlikdäki oppozision lideri Moaz Alhatib Siriýanyň demirgazygynda gozgalaňçylaryň elindäki giňişliklerine gysga wagtlyk sapar etdi.

Siriýanyň ”Milli koalisiýasynyň” prezidenti Alhatib geçen şenbe güni goňşy Türkiýäniň üsti bilen Siriýa baryp, Jarablus we Minbij şäherlerine sapar etdi.

Alhatib Siriýa barmagyndan ozal Türkiýäniň Gaziantep şäherinde gozgalaňçylaryň we oppozision wekilleriň geçiren 220 adamlyk duşuşygyna gatnaşdy. Şol duşuşykda 6 million ilatly Aleppo (Halap) welaýatynyň häkimligi saýlandy.

Söweş gidýär

Alhatibiň Siriýa eden bu sapary, habar berlişine görä, Aleppo we Homs şäherlerinde, şeýle-de Siriýanyň ýene birnäçe ýerlerinde güýçli söweşleriň bolan wagtyna gabat geldi.

Aleppoda gozgalaňçylaryň Assadyň tarapynda söweşýän şabbiha diýlip atlandyrylýan ýaragly toparyň basyşyna garşylyk görkezendigi habar berilýär.
Alepponyň golaýynda oppozision gozgalaňçylar polisiýanyň akademiýasyny eýeläp, 150 esgeri öldüripdir.

Yragyň harby çeşmeleriniň habar bermegine görä, Yrak Siriýa bilen serhedini ýapypdyr. Bu çäre siriýaly gozgalaňçylar Ýaarabiýa şäheriniň golaýyndaky serhet geçelgesini eýeläninden soň amala aşyrylypdyr.

Assadyň çykyşy

Başar Al-Assad Britaniýanyň “The Sunday Times” gazetine beren interwýusynda öz hökümetiniň ýaragyny taşlan gozgalaňçylar bilen gepleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Emma ol halkara basyşlaryna boýun bolmajagyny we ýurdy terk etmejegini nygtady.
Assad Britaniýanyň telewideniýesinde görkezilen interwýusynda Britaniýanyň Siriýadaky krizise gatnaşygyny “ýöntem” we “real däl” diýip atlandyrdy.

“Ol problemany harbylaşdyrýarka, biz Britaniýanyň Siriýadaky konfliktde [oňyn] rol oýnajagyna nädip garaşaly? Biz olaryň ýagdaýy gowulandyrmakda, durnuklaşdyrmakda rol oýnamagyny nädip soraly? Olar terrorçylary harby taýdan üpjün edip, siriýa halkynyň arasynda dialogy ugrukdyrmaga synanyşmaýarka, biz olaryň zorlugy gowşatjagyna nädip garaşaly? Bu logika gabat gelmeýär” diýip, Siriýanyň prezidenti Assad aýtdy.

Iordaniýanyň Milli howa kompaniýasy Siriýanyň üstünden amala aşyrýan uçuşlaryny bes edendigini yglan etdi we bu çäräni howpsuzlygy üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG