Sepleriň elýeterliligi

Zardari: ‘Geçiriji gurluşygyna başlamaly'


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari, Waşingtonyň garşylygyna garamazdan, Eýran bilen planlaşdyrylan gaz geçirijisiniň gurulmalydygyny yglan etdi.

Duşenbe güni Lahorda çykyş eden Zardari bu proektiň gurluşygyna 11-nji martda başlanjagyny aýtdy. Zardari bu geçirijiniň Pakistanyň barha ösýän energiýa zururlyklary üçin gerekdigini aýtdy we sanksiýalaryň duruzylmagyny sorady.

Birleşen Ştatlar bu geçirijiniň gurulmagyna garşy çykdy we Pakistana sanksiýalara getirjek işlerden gaça durmalydygyny duýdurdy.

Eýran bu geçirijiniň özüne degişli bölegini eýýäm gurdy. Emma Yslamabat, Waşingtonyň basyşy astynda, bu işi başlamagy gijikdirdi.
XS
SM
MD
LG