Sepleriň elýeterliligi

Hytaý şu ýyl durnuklylygy we 7.5 prosent ykdysady ösüşi nazarlar.

Iş başyndan gidýän premýer-ministr Wen Jiabao duşenbe güni parlamentiň ýyllyk kongresiniň başynda hökümetiň öňde goýan maksatlary barada çykyş etdi.

Wen üç müň çemesi delegata hökümetiň her edip, hesip edip ösüş gazanjak bolmajagyny, muňa derek sosial programmalary we problemalary çözmegi ileri tutjagyny, şol sanda korrupsiýa we howanyň hapalanmagyna garşy göreşjegini aýtdy.

Şeýle-de hökümet bu ýyl harby çykdajylary 10.7 prosent köpeltmegi, ýagny 119 milliard dollara ýetirmegi planlaşdyrýar. Bu geçen ýylkydan sähel az bolýar.

Parlament Weniň hasabatyny, býujeti tassyk etmeli we kongresiň soňunda, 17-nji martda täze döwlet ýolbaşçylary bellenmeli.
XS
SM
MD
LG