Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul bankynyň başlyklary basyldy


Owganystanyň ýörite tribunaly Kabul bankynyň iki sany uly resmisini uly möçberdäki galplyk üçin bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu galplyklar 2010-njy ýylda ýurduň iň uly bankynyň dargamagyna getiripdi.

“Täze Kabul banky” diýlip at berlen maliýe instituty soňra hökümetiň maliýe goldawy bilen dikeldildi.

Sudýa Şamsul Rahman Şams sişenbe güni bankyň ozalky başlygy Şerhan Farnhudyň we ýerine ýetiriji direktor Halilullah Feroziniň 800 million dollardan gowrak pul ogurlamakda günälidigini aýtdy.

Ol bularyň galplyk esasynda ele geçiren pullaryny yzyna tölemeli etdi.

Bulardan başga ýene 20 adam bankdaky galplyklar bilen baglylykda tussaglyga höküm edildi.
XS
SM
MD
LG