Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Kislota hüjümçisi sorag edilýär


Moskwa polisiýasy Uly balet teatrynyň çepereçilik direktory Sergeý Filiniň ýüzüne kislota serpmekde güman edilýän adamy tutandygyny aýdýar.

Ýanwar aýynda bir ýüzi perdeli adam Moskwadaky kwartirasynyň daş işiginde duran Filiniň ýüzüne kislota serpipdi.

Ol şondan soň iki hepde çemesi hassahanada ýatyp, ýüzüni we gözüni bejertmeli boldy. Soň ol bejergisini dowam etdirmek üçin Germaniýa gitdi.

Moskwa polisiýasy güman edilýänleriň biriniň sorag etmek üçin getirilendigini aýtdy. Emma beýanatda şundan başga zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG