Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Pitneçiler Rakkany eýeledi


Siriýaly pitneçileriň ýurduň demirgazygyndaky şäheri eýeländigi aýdylýar.

Rakka Ýefrat derýasynyň boýunda ýerleşýär. Pitneçiler beýleki welaýat merkezleriniň hiç birini eýeländiklerini aýtmaýarlar.

Pitneçi söweşijiler prezident Başar al-Assada ygrarly güýçleriň Rakkanyň 60 kilometrligindäki aýeroporty henizem elde saklaýandyklaryny aýdýarlar.

Duşenbe güni raýat urşy goňşy Yraga-da baryp girdi. Resmiler ol ýerde ýaragly adamlaryň azyndan 40 sany siriýa esgerini we hökümet gullukçysyny öldürendiklerini aýdýarlar.

Olar geçen hepde siriýaly pitneçileriň güýçlenen hüjüminden gaçyp, öýlerine barýan ekenler.
XS
SM
MD
LG