Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Forbes” baýlar sanawyny çap etdi


“Forbes” žurnaly 2013-nji ýyl boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çap etdi.

Bu gezek olaryň sany rekord derejä, 1426 milliardere ýetdi. Olaryň hemmesiniň jemi arassa baýlygy 5.4 trillion dollar, bu görkeziji ozal 4.6 trillion dollar bolupdy.

Sanawda 42 ýurtdan 210 sany täze milliarder bar. Aýal milliarderleriň sany 104 bolanlygyndan 138-e ýetdi.

Meksikaly biznes magnaty Karlos Slimiň baýlygy 73 milliard dollar bolup, ony dünýäniň iň baý adamy edýär. Ol bu derejäni 2010-njy ýyldan bäri saklaýar.

Ondan soň ikinji orunda, 67 milliard dollar bilen, Maýkrsoftyň egindeş döredijisi Bil Geýts durýar.
XS
SM
MD
LG