Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Staliniň ölen gününi belleýär


Orsýet sowet diktatory Iosif Staliniň ýogalan gününiň 60 ýyllygyny belleýär.

Ol Sowet Soýuzyna 1924-nji ýyldan tä 1953-nji ýylyň 5-nji martynda aradan çykýança ýolbaşçylyk etdi.

Kommunistler we beýleki berk liniýalylar ony ýurdy Ikinji Jahan Urşundaky ýeňşe ýetiren adam hökmünde hormatlasa, beýlekiler ony millionlarça adamy gyrmakda ýazgarýar.

Garaşsyz Lewada merkeziniň geçiren pikir soralyşygyna görä, Orsýetde Stalini goldaýanlaryň sany 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri mazaly köpelipdir.

Şeýle-de pikir soralyşyk Orsýetde prezident Wladimr Putiniň 13 ýyllyk dolandyryşy wagtynda Stalin babatdaky jemgyýetçilik garaýşynyň gowulanandygyny görkezýär.

Lewadanyň Staliniň ölüminiň 60 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiren pikir soraşlygyna gatnaşanlaryň ýarpysyna golaýy onuň ýurduň durmuşynda pozitiw rol oýnandygyny aýtsa, üçden biri bu pikir bilen ylalaşmaýar.
XS
SM
MD
LG