Sepleriň elýeterliligi

Zardari Eýran-Pakistan gazgeçirijisiniň durmuşa geçiriljegini aýdýar


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari

Pakistanyň prezidenti Ali Asif Zardari uzaga çeken gazgeçiriji proýektiň durmuşa geçirilmegine Waşingtonyň garşy çykmagyna garamazdan, Pakistanyň bu ugurda öňe tarap ädim ätjekdigini yglan etdi.

Zardari duşenbe güni Lahorda eden çykyşynda bahasy 1.5 milliard dollarlyk bu proýektiň 11-nji martda durmuşa geçirilip başlanjagyny aýtdy.

Zardari bu gazgeçirijiniň Pakistanyň gaza bolan we barha güýçlenýän mätäçligini üpjün etmek üçin gerekdigini aýtdy we sanksiýalardan saklanmaga çagyrdy.

Gaza mätäçlik

“Eýran-Pakistan proýekti resmi taýdan 11-nji martda durmuşa geçirilip başlanar. Bu Pakistanyň halky üçin iňňän wajyp proýektdir. Ol 1994-nji ýylda döredildi. Onuň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçiliklere 1994-nji ýylda garalypdy. Muňa regionyň döwletleri we beýleki döwletler tarapyndan rugsat berlipdi. Şonuň üçin men biziň dünýä ýurtlary bilen gatnaşykda bolmazlygymyza, dünýäniň biziň nukdaýnazarymyza düşünmezligine we Pakistanyň bu proýektden el çekmegine esas görmeýärin” diýip, Ali Asif Zardari aýtdy.

Bilermenler Pakistanyň eýran gazyny ulanyp, öz gaz mätäçliginiň 20%-ni üpjün etmegi planlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

ABŞ bu gazgeçirijiniň gurluşygyna garşy çykyş edýär we Pakistany öz garşysyna “sanksiýalara getirip biljek hereketlerden saklanmaga” çagyrýar.

“Biz Pakistany ileri tutýarys we ähli dostlarymyz biziň muny diňe milli bähbitlerimiz üçin edýändigimize düşünmeli. Biz hiç kime garşy däl. Biz hiç bir meselä garşy däl. Biz dünýäniň sazlaşykly we sazlaşykly bolmadyk pozisiýasyna päsgelçilik döretmek islmeýäris. Biziň esasy islegimiz parahatçylykdyr we Pakistanyň ykdysady ösüşidir” diýip, Pakistanyň prezidenti Ali Asif Zardari aýtdy.

Garşylygyň sebäpleri

ABŞ Tähranyň öz ýadro programmasyny çäklendirmekden boýun gaçyrmagy sebäpli Eýrana garşy sanksiýalary girizdi. Muňa BMG we beýleki günbatar döwetleri-de eýerdiler.

Eýran gazgeçirijiniň özüne degişli bölegini eýýäm gurdy. Emma Waşingtonyň basyşy astyndaky Yslamabat işe haýal girişýär.

Eýran gazgeçirijiniň Pakistanyň giňişliginden geçýän 750 kilometrlik böleginiň gurluşygyna hem öz ýardamyny hödürleýär we Pakistana 500 müň dollarlyk karz pul teklip edýär. 27-nji fewralda Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi Zardarini ABŞ-nyň garşylygyna üns bermezlige çagyryp, Eýranyň Pakistanyň energiýa üpjünçiligi üçin ýeke-täk howpsuz çeşmedigini aýtdy.

Şol günüň özünde ABŞ-nyň Döwlet departamenti Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny üpjün etmek üçin oňa alternatiw ýollary hödüländigini aýtdy.

“Biz Pakistanyň energiýa örän uly mätaçliginiň bardygyna düşünýäris, emma biz Pakistanyň energiýa zerurlyklary üçin başga-da çykalgalar bar diýip hasap edýäris” diýip, Döwlet departamentiniň wekili Patrik Wentrell aýtdy.

Eýran dünýä derejesinde gaza iň baý döwletleriň biri bolup, Orsýetden soň dvnýäde ikinji orunda durýar.

Analitikleriň sözlerine görä, Eýranyň gaz önümleriniň esasy bölegi ýurduň özünde ulanylýar, ýurduň daşynda diňe Türkiýä akdyrylýar.

Şeýle-de, Eýran öz gazyny Yraga we Siriýa satmagy planlaşdyrýar.

2011-nji ýylda üç ýurt gazgeçirijini gurmak barada ylalaşypdy.
XS
SM
MD
LG