Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Bank işgärleri türmä höküm edildi


“Kabul Bankyň” öňki başlygy Şerhan Fernod sudda çykyş edýär, Kabul, 5-nji mart, 2013.

“Kabul Bankyň” öňki başlygy Şerhan Fernod sudda çykyş edýär, Kabul, 5-nji mart, 2013.

Owganystanyň Ýörite tribunaly Kabulyň iki sany ýokary wezipeli bank işgärini bäş ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi. Olar 2010-njy ýylda ýurduň iň iri banklarynyň biriniň dargamagyna sebäp bolan hilegärligi gurnamakda aýyplandylar.

5-nji martda Ýörite suduň ýolbaşçysy Şamsul Rahman Şams tarapyndan yglan edilen karara görä, bäş ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen “Kabul Bankyň” esaslandyryjysy Şerhan Fernod 278 million dollardan gowrak puly ogurlamakda günälendi.

Günä we jeza

“Kabul Bankyň” öňki ýerine ýetiriji müdiri Halilullah Ferozi bolsa bankyň hasaplaryndan 530 million dollara golaý puly ogurlamakda günäli tapyldy.

Suduň çykaran kararyna görä, Şerhan Fernod we Halilullah Ferozi degişlilikde 278 we 530 million dollary yzyna gaýtarmaly.

“Kabul Banky” hökümetiň golastyna geçirildi we “Täze Kabul Banky” diýlip atlandyryldy.

Farnod sudda eden çykyşynda Owganystanyň wise-prezidenti Mohammadkasim Fahimiň dogany Haseen Fahimiň ogurlygyň esasy guramaçysy bolandygyny aýtdy. Fahim sudda bolmady.

Bu iş bilen baglanyşykda sud edilen ýene 20-ä golay adam iki we dört ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Gaýybana sud edilenleriň arasynda Merkezi bankyň ozalky başlygy Kadir Fitrat hem boldy. Birleşen Ştatlara gaçyp giden Fitrat öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we hilegärligi ýaşyrmakda aýyplandy.

Sud edilenler suduň kararyna gaýtadan garalmagyny talap etmäge hakly.

"Kabul Bankyň" wezipesi

Bu Owganystanyň ýörite tribunaly tarapyndan çykarylan ilkinji karar boldy. Owganystanyň Baş sudy hökümetiň korrupsiýa garşy çäre görmeýändigi barada geçen ýyldaky tankytlardan soň, degişli çäreleri görüp başlady.

“Kabul Bank” Owganystanda bank operasiýalarynyň üçden bir bölegini dolandyrýardy. Hökümetiň hasaplaşyklary we döwlet edaralarynyň işgärleriniň zähmet hakalary bu bankyň üstünden geçýärdi.

Bank käbir paýdarlaryna, şol sanda hökümet agzalaryna we Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň dogany ýaly täsirli adamlara uly möçberdeäki kreditleri beripdi.

Halkara maýa goýujylary tarapyndan maliýeleşdirilen sud barlaglary “Kabul Bankyň” beren kredit pullarynyň onlarça ýurduň bank hasaplaryna geçirilendigini anyklady.

Munuň bilen bagly ýitgiler Owganystanyň umumy içerki önümçiliginiň bäş prosentine barabar boldy.
XS
SM
MD
LG