Sepleriň elýeterliligi

Filine hüjüm edenler günäsini boýun aldy


Çarşenbe güni Moskwanyň polisiýasy paýtagtdaky “Uly Teatryň” çeper ýolbaşçysy Sergeý Filiniň ýüzüne aşgar serpip, amala aşyrylan hüjümde aýyplanylýan adamlardan üçüsiniňem öz günälerini boýun alandyklaryny mälim etdi.

Şu ýylyň başynda ýüzi maskaly bir adamyň aşgar serpip amala aşyran hüjüminde baletmeýster Sergeý Filiniň ýüzüne we gözüne uly zyýan ýetipdi. Ol häzir Germaniýada bejergi almagyny dowam etdirýär.

Polisiýanyň maglumatyna görä, sişenbe güni tussag edilen bu teatryň artisti Pawel Dmitriçenko bu hüjümi gurnanlykda öz günäsini boýun alypdyr.

Moskwanyň polisiýasy bu jenaýatda aýyplanyp tussag edilen beýleki iki adamyň-da bu işe gatnaşandyklaryny boýun alandyklaryny aýdýar. Olardan biri Sergeý Filiniň ýüzüne aşgar serpmekde, beýleki biri bolsa hüjümi amala aşyran adamy maşynda gatnadyp, oňa ýardam bermekde aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG