Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ugo Çawez aradan çykdy


Sişenbe güni giçlik Wenesuelanyň hökümeti bu ýurduň prezidenti Ugo Çaweziň aradan çykandygyny yglan etdi. Resmi maglumata görä, 58 ýaşly Ugo Çawez sişenbe güni giçlik aradan çykypdyr.

Ol Latyn Amerikanyň bu ýurduna soňky 14 ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelipdi. Ugo Çawez Latyn Amerikada iň bir görnükli çepçi liderleriň biri hökmünde meşhurlyk gazandy.

Wenesuelanyň regional soýuzdaşlary Çaweziň ölümini “uly ýitgi” diýip häsiýetlendirdiler. Kubanyň hökümeti bolsa Çaweziň ölümi üçin üç günlük matam yglan etdi. Ugo Çaweziň öz ýurdunda ýedi günlük matam yglan edildi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ugo Çawezi “adaty bolmadyk we gaýduwsyz şahsyýet” diýip häsiýetlendirdi we Orsýet bilen Wenesuelanyň hyzmatdaşlyklarynyň ösmegine örän uly goşant goşandygyny nygtady. Ugo Çaweziň jaýlanyş çäresi anna güni gurnalar.
XS
SM
MD
LG