Sepleriň elýeterliligi

FBI-iň "Terror zawody"


Birleşen Ştatlaryň Federal Derňew Býurosynyň işgärleri

Birleşen Ştatlaryň Federal Derňew Býurosynyň işgärleri

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň Birleşen Ştatlaryň Federal Derňew Býurosy (FBI) terrorizme garşy göreşde köp ýeňişler gazanandygyny tekrarlaýar. Her gezek terrorizmde şübhelenýän ýerli ýaşaýjy tussag edilende, ilata nobatdaky aýylganç terrorçylyk aktynyň öňüniň alnandygy habar berilýär.

Ýöne müňlerçe sud dokumentlerini gözden geçirenden soň, derňewçi žurnalist Trewor Aronson başga netijelere gelipdir - eger Federal Derňew Býurosy olara gerekli serişdedir enjamlary bermedik bolsa, onda tussag edilen adamlaryň köpüsi hiç haçan öz etmekçi bolan jenaýatlaryny etmezdiler.

Aronson öz “Terror zawody” atly täze kitabynda Federal Derňew Býurosynyň alyp barýan “terrora garşy göreşi” barada jedelli meseleleri gozgaýar. Ol Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ýurtdaky terroristik dildüwşükleriň köpüsini maliýeleşdirendigini we bu işde başga hiç bir ýurduň ýa guramanyň olaryň öňüne geçip bilmejekdigini belleýär. Azatlyk Radiosy Aronson bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz öz derňewiňizi Federal Derňew Býurosy terroristik aktlary goldaýarmy ýa-da dolandyrýarmy diýen soraglar bilen başlapsyňyz? Siz nämeleriň üstüni açdyňyz?

Trewor Aronson: Federal Derňew Býurosy öz atlandyryşy ýaly “Ýalňyz terrorçy möjekleri” aňtaýar. Ol ýalňyzlar öz ýaşaýan jaýynda gizlin durmuş alyp barýarlar we "Al-Kaýda" bilen belli bir derejede gatnaşyk saklaýarlar, ýöne ol gatnaşygy saklamak üçin olarda hiç hili ýörite esaslaryň hem bolmazlygy mümkin.

Trewor Aronson

Trewor Aronson

Netijede Federal Derňew Býurosy şeýle adamlary gözläp tapýar we aralaryna öz agentlerini goýberýär. Soňra, ýörite agentleriň gatnaşmagynda gurnalýan dildüwşükler esasynda, ýaňkylar terrorçylyk aktlaryna çekilýärler we soňra-da tussag edilýärler.

Meniň pikirimçe, şu ýagdaýlarda biz Nýu-Ýork Times meýdançasynda bomba ýarjak bolan Faisal Şahsad ýaly, Nýu-Ýorkuň metro ulgamyny partlatjak bolan Najibulla Zazi ýaly hakyky howply terroristleri görkezip bileris.

Ýöne olar ýalylaryň 150-den gowragy ýörite agentleri ulanmak arkaly geçirilen operasiýalarda tutulanlardyr we olarda hiç haçan terrorçylykly çäräni amala aşyrmaga serişde-de, käbir halatda bolsa hatda maksatdyr ideýa-da ýokdy.

Hut Federal Derňew Býurosynyň özi ol adamlary ähli zerur zatlar: bomba, ulag we terrorçylyk aktyny amala aşyrmak üçin başga-da näme gerek bolsa, ählisi bilen üpjün etdi. Ol aýyplanýanlaryň özleriniň hiç haçan beýle çäräni gurnamaga mümkinçiligi bolmazdy.

Dürli delillere görä, köp halatlarda ol adamlaryň terrorizm bilen hiç hili baglanyşygy-da ýokdy. Şunlukda ol adamlaryň gerekli serişdeleri alyp, nähilidir bir terrorçylyk akty amala aşyrandygyna ynanmak gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Federal Derňew Býurosy öz ýörite agentlerini ulanyp, operasiýalary nädip gurnaýar?

Aronson: Federal Derňew Býurosynyň gizlin agenti özüni "Al-Kaýdanyň" ýa başga bir terrorçy toparyň agzasy hökmünde görkezip: “Bilýäňizmi, etjek işiňiz üçin mende size gerek bolan ähli zat bar. Men sizi partlaýjylar, ulaglar we beýleki ähli gerek zatlaryňyz bilen üpjün edip biljek” diýýär.

Haçan-da olar işe başlanlarynda, bilelikde bomba edinip, ony ulaga ýerleşdirip, ol ulagy barmaly ýerine sürüp eltensoňlar we mobil telefon arkaly partlaýjyny herekete getirip, müňlerçe adamy öldürmekçi bolanlarynda, tussag edilýärler. Şeýlelikde, gizlin agentleriň gatnaşýan ýörite operasiýalaryna hökümet hem gatnaşýar we soňundan hem köp adamlary tussag edilýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz gizlin agentli operasiýalaryň özeni terrorçylyga ýykgyn edýänleri tapýan we Federal Derňew Býurosyna habar berýän informatorlar diýip ýazýarsyňyz. Olar kimler we bu işde olar näme gazanýarlar?

Aronsan: Federal Derňew Býurosynyň örän köp, 15 müňden gowrak informatory bar. We olara gowuja tölenýär, 100 müň, käbir halatlarda 400 müň dollar tölenýär.

Kaliforniýadaky wakadaky ýaly terror etmek, nähilidir bir zorluk etmek isleýän we serişde tapmaýan adamlary gözläp tapmaklary üçin agentlere Býuro pul töleýär, olaryň işi şeýle adamlary tapyp, ýörite operasiýalarda ulanmakdan ybarat.

Maglumat beriji ulanylýan adamdan hem has köpräk jenaýatçydyr. Beýle operasiýalarda Federal Derňew Býurosy kämahal neşe satýanlary-da maglumat toplaýjy edip ulanýarlar.

Býuro, Seattl wakasyndaky ýaly, hatda adam öldürmekde aýyplanýanlary we doly ýalňyzlykda ýaşaýan adamlary-da ulanýar. Beýle köp pul gazanyp bilýändikleri üçin olar terroristleri tapmakda kämilleşýärler.

Şonuň üçin olar metjide girip, terroristik akt etmäge gyzyklanma bildirýänleri gözleýärler. Olar bu edýän işleri üçin kän pul geljegini bilýärler. Şeýlelikde köplenç halatlarda olar jemgyýetden üzňe, maliýe nukdaýnazardan, pulsuz, käbir ýagdaýda akyl taýdan näsag adamlary gözläp tapýarlar. Şol tapylan adamlar aňsatlyk bilen tora düşýärler.

Azatlyk Radiosy: Ähli babatda maglumatçylara pul töläp, musulmanlaryň yzyna düşüp ýöremeklik Federal Derňew Býurosynyň Nýu-Ýorkdaky polisiýa müdirliginiň işimi?

Aronson: Göräýmäge baglanyşykly däl halatynda-da, bu işleriň arasynda umumylyklar köp. Nýu-Ýork polisiýa müdirligi taksi ulaglaryndaky gorag aýnasyndan peýdalanýan maglumatçylary musulman jemagatlarynyň içinden basyş etmek üçin ulanýar.

Federal Derňew Býurosy-da şuňa meňzeş zatlary edýär. Ýöne olar basyş etmek üçin ýaňky aýnalaryň deregine immigrasiýany ulanýar. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň musulman jemgyýetinden maglumatçy hökmünde ulanylan adamlar mejbur edilip işledilýär.

Federal Derňew Býurosynyň wekilleri ýanlaryna gelip, ol adamlara: “Eger sen biziň bilen işleşmeseň, ýurtdan deport edilersiň” ýogsa-da “Biz seniň maşgalaň Siriýadan, ýa-da Liwandan bu taýyk gelmek isleýändigini bilýäris, eger biz bilen işleşmeseň, olar gelip bilmezler” diýýärler.

Redaktoryň belligi: The Associated Press agentligi Nýu Ýork polisiýa müdirliginiň programmasy barada şeýle ýazýar: Polisiýa öz aňtaw bölümini döreden mahaly taksi komissiýasyna ähli pakistanly taksi sürüjiler barada raport ýazmagy talap etdi. Polisiýa şeýdip, galp ýollar bilen taksi sürmäge dokument alanlary gözledi. Sebäbi şeýle adamlary ulanmak üçin basyş edip bolýar. Bu maglumaty şol işler edilende oňa gatnaşan öňki resmiler berdiler”.

Azatlyk Radiosy: “Prowokasiýa” meselesi sudda nähili rol oýnaýar? Federal Derňew Býurosynyň terrorizm babatynda edýän işleri barada mesele gozgan žurnalist diňe sizmi?

Aronson: Ähli ýagdaýlarda, prowokasiýa meselesi öňdäki we merkezdäki meseledir. Şu wagta çenli sudlar wakalaryň prowokasiýadygy bilen razylaşmak islemeýär.11 sany günä bildirilýän adam bardy we olar suda tabşyrylypdy.

Prowokasiýa barada jedeller köp bolsa-da, üstünlik gazanyp bolmady. Şol bir wagtyň özünde-de habar serişdeleri tarapyndan bu wakalaryň tankytlanýandygyny görýärsiňiz.

Mysal üçin, haçan-da Birleşen Ştatlar şeýle wakalaryň bolýandygyny ykrar edende, “dildüwşük” amala aşan bolsa, şonda nähili erbet boljakdygy barada aýdýarlar. Ýöne günä bildirilýän adamlaryň ýeke özleriniň hiç haçan beýle jenaýaty edip bilmejekdigi baradaky fakty bolsa ýaşyrýarlar. [Bu işe] köp wagt sarp edildi we ahyrsoňy biz habar serişdeleriniň ýaňky ýaly wakalary çynlakaý tankyt edilýändigini görüp ugradyk.

Azatlyk Radiosy: Siziň kitabyňyzyň çykanyna birnäçe hepde boldy. Göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda Federal Derňew Býurosy kitaba reaksiýa bildirdimi?

Kitaba ýeke-täk resmi jogap - Federal Derňew Býurosynyň ozalky işgäri Ali Soufanyň ýazanlary boldy. Meniň kitabym barada The “Wall Street Journalda” syn ýazypdyr. Ali Soufanyň Meniň kitabyma beren jogaby Federal Derňew Býurosynyň jogabydyr. Onda hakykatdan-da howply terroristleriň bardygy we ýörite agentli operasiýalar arkaly olaryň köçelerden ýygnalýandygy aýdylýar.

Bu ýerde problema - Ali Soufanyň öz synynda. Federal Derňew Býurosynyň meniň bilen gürrüňdeş bolan beýleki işgärleri: Faizal Şahzady - ol Time meýdançasyny partlatmagyň bäri ýanyna barypdy ýa-da Najibulla Zazi - ol metro sistemasyny partlatjak bolupdy – bu adamlary hakyky terroristler hökmünde mysal getirýärler we ýörite agent ulanyp durmuşa geçirýän gizlin operasiýalarynyň örän möhümdigini tekrarlaýarlar.

Olaryň jedelli synynyň esasy problemasy - agzalan adamlaryň hiç biriniň hakykatda ýörite operasiýalar arkaly tutulmandygyndadyr. Şu güne çenli biz hakyky howply terroristi, ýagny bir ýeri ýarjak bolýan, munuň üçin ýaragy, beýleki gerekli zatlary üpjün bolan we oňa ýörite operasiýanyň päsegl beren terroristini tapyp bilmedik.

Redaktoryň belligi: Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň Adalat departamentiniň Milli howpsuzlyk bölüminiň wekili Dean Boýddanyň bu baradaky pikirni sorady. Ol Aronsonyň kitabyny okamandygyny, ýöne şu aşakdaky pikiri beýan edýändigini aýtdy:

Ilki bilen agentleri ulanyp geçirilýän ýörite gizlin operasiýalar hukuk goraýjylar tarapyndan ýüzýyllyklaryň dowamynda ulanylyp gelinýär.

Ol opersiýalar ähli görnüşli jenaýatlar: çaga pornografiýasy,korrupsiýa, buýrup adam öldürmeklik, narkotik jisimleriniň söwdasy ýaly jenaýatlarda-da ulanylyp gelinýär.

Ikinjiden, bellemekçi zadym: agentleri ulanyp, ýörite operasiýalary amala aşyrmaklyk howply terroristleri tutmakda hukuk goraýjylaryň ulanýan usullarynyň diňe biri.

Terrora garşy göreşde köplenç halatda ol usuldan peýdalanylanok. Beýle usuly ulanmaklyk ähli meselede hakyky faktlar esasynda durmuşa geçirilýär we derňewleriň esasynda takyklanýar.

Ýörite operasiýalar gerekli ýerinde, howply şahsyýetlerden jemgyýeti goramak üçin ulanylýar.

Üçünjiden, beýle operasiýalary gurnamak üçin olaryň kanuny jogapkärçilige görä geçirilmegi we ýokary derejeli resmileriň tassyklamagy zerur.

Üstesine, Birleşen Ştatlaryň kanunlary [adamlary] prowokasiýadan goraýar. Kanun esasynda, eger belli bir jenaýaty etmek niýeti ýok bolan adam [bu işe iteklense], onda oňa prowokasiýa edilen adam diýse bolar.

Ýöne ýörite operasiýalar hakyky terrorizme garşy ulanylýan hereketlerdir. Hökümet prowokasiýanyň bolmazlygy üçin iş alyp barýar.

Dördünjiden, sud diňlenişikleriniň we günä bildirişleriň birgiden ýazgylary bar. Federal sud we hukuk goraýjylar ýörite operasiýalary terrorizme garşy ulanmagy goldaýarlar.

Şonuň üçin prowokasiýa diýlip atlandyrylýan zat öz-özüňi goramak diýip hem atlandyrylyp bilner. Sebäbi 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň terrorizm bilen baglanyşykly şahslary goramak ýatyryldy.

Iň soňunda aýtjak zadym, haýsydyr bir şahs nähilidir bir zorluk ýa terroristik akty amala aşyrjak bolsa, hukuk goraýjy organlar jemgyýetiň goragy üçin zerur hereketlere başlamaly bolarlar.

Bu ugurda hiç hili hereket etmän oturmak dogry zat däl, sebäbi bu belli bir adamlara özbaşdak ýa-da kimdir biriniň kömegi bilen zorluk etmäge ýol açan ýaly ýagdaý bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG