Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Prezidentlige dalaşgär tussag edildi


Çarşenbe güni Ýerewanyň sudy şu ýyl prezidentlige dalaş eden dalaşgärlerden biri Wardan Serdakýany wagtlaýyn tussag astyna almak barada karar çykardy.

Ermenistanyň sudy oňa prezidentlige dalaş eden beýleki bir dalaşgär Paruýr Haýrikýanyň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglylykda güman bildrilýändigini mälim etdi.

Derňewler dowam edýärkä suduň karary esasynda Wardan Serdakýan häzirlikçe iki aý tussag izolýatorynda saklanar.

Şu ýylyň 31-nji ýanwarynda Ermenistanyň oppozision milli partiýasynyň lideri Paruýr Haýrikýan Ýerewanda bir näbelli adam tarapyndan atylyp ýaralanypdy. Birneme soňra bu hüjümde güman bildirilip, iki adam tussag edildi.

Wardan Serdakýan bu iki adamyň şol wakadan öňinçä öz öýünde remont işleri bilen meşgullanandyklaryna garamazdan, özüniň bu işe dahylly däldigini aýdýar. Ermenistanda 18-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlarynda Serž Sarkisýan ikilenji möhlet prezidentlige eýe boldy.
XS
SM
MD
LG