Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Musulman zenanlara çagyryş


“Din we aýallar” forumyna gatnaşyjylar. 4-nji mart, 2013 ý.

“Din we aýallar” forumyna gatnaşyjylar. 4-nji mart, 2013 ý.

Gazagystanly musulman aýallaryň köpüsi hyjap geýmek isleýärler. 4-nji martda, duşenbe güni, bolup geçen “Din we aýallar” atly forum jemgyýetde bu barada ýeke-täk pikiriň ýokdugyny görkezdi.

Žurnalist Madina Salmanowa hyjap geýýär we ol munuň gadagan edilmegine garşy çykýar. Hyjap geýmegiň hökmanydygynyň Mukaddes Gurhanda bardygyny ol aýal Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Madina Salmanowa

Madina Salmanowa

Onuň sözlerine görä, hyjap geýmek onuň kadaly ýaşamagyna päsgel berenok. Ýöne onuň hyjap geýýän käbir garyndaşlary maşgala bilen çagalaryna baglanyp, ärlerine garaşly bolup galypdyrlar. Madina Salmanowanyň sözlerine görä, ol beýle ýagdaýa we yslam dinine ýaňky ýaly nukdaýnazardan garamaklyga garşy.

Ýene bir hyjaply gyz Altynbaý Baýzakowa özüniň “Nur Mübärek” (bu gazak-müsür Yslam uniwersitetiniň köne ady) uniwersitetiniň talybydygyny aýdýar. Ol gazak gyzlary üçin hyjabyň gara bolman, başga, açyk reňklerde bolmagynyň tarapdary.

“Goý, gyzlar açyk reňkli hyjaplary geýsinler, sebäbi şeýle edilende, olar adamlary özüne çekerler. Gazak mentaliteti ähli gyzlaryň gara reňkdäki eşikleri geýip ýörmegine entek taýýar däl” diýip, Altynbaý Baýzakowa gürrüň berdi.

Hyjap meselesi boýunça ýeke-täk bir çözgüde gelmelidigi barada “Aýal we din” forumynda din meseleleri boýunça bölümiň wekili Kaýrat Lama Şarif şeýle diýýär: “Eger biz dünýewi we demokratik Gazagystan üçin hyjap meselesi babatynda bir netijä gelmesek, ýakyn gelejekde hyjap geýýän aýallar jemgyýetde kynçylyk çekerler we dünýewi edaralarda işläp bilmezler. Olar öz bähbitlerini durmuşa geçirip we öz ýurdunyň kämil raýaty bolup bilmezler. Biz muny arap ýurtlarynyň mysalynda görüp bileris, ol ýerlerde aýallaryň passiwligi göze görnüp dur”.

Kaýrat Lama Şarif

Kaýrat Lama Şarif

Onuň sözlerine görä, araplarda durmuşda ýakyn garyndaşlar arasyndaky nika ýygy gabat gelýär. Ýöne gazak däplerinde beýle zat ýok. Gazaklaryň arasynda ýedi arka garyndaşlygy berk berjaý edilýär. “Şu sebäpden hem gazak gyzlary özlerini garyndaşlarynyň we ildeşleriniň arasynda has erkin duýýarlar” diýip, Kaýrat Lama Şarif belleýär.

“Ýaňky däpler esasynda gazagystanly aýallaryň arasynda belli alymlar, belli matematikler we fizikler, talantly sazandalar, hudožnikler we sportsmenler döreýär” diýip, Kaýrat Lama Şarif Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň pikiriçe, gazak jemgyýetinde geýim geýniş usulynyň özi hiç hili problema döredenok. Kaýrat Lama Şarifiň sözlerine görä: ”Problema başga zatda - dindarlygyň jemgyýetdäki ýagdaýynyň üýtgemeginde bolup biler. Şeýle bolanda, bu gazaklaryň arasyna özge medeniýetiň we ideologiýanyň aralaşmagyna we milli özboluşlylygyň we agzybirligiň ýitmegine sebäp bolup biler”.

Parlamentiň deputaty Kamal Burhanow öz çykyşynda gazakça yslamyň tarapyndadygyny aýtdy we araplaryň däplerinden tapawutlanýan gazak däpleriniň bir toparyny mysal getirdi. Iki milletiň hem yslam dinine uýýanlygyna garamazdan, aýal-gyzlaryň başatgyçlarynyň tapawutlydygyny ýatlatdy.

Şlýapaly Waleriýa hyjabyň tarapdary

Gurhany rus diline terjime eden Iman Waleriýa Porohowa merkezi aziýa döwletleriniň aýallarynyň perenji atynmagyna garşy çykdy, ýöne şol bir wagtyň özünde-de ol aýallaryň hyjap geýmeginiň tarapdarydygyny aýtdy. Ol Gurhandaky ýazylanlary tapawutlandyryp bilmelidigini aýdýar.

Iman Waleriýa Porohowa

Iman Waleriýa Porohowa

Onuň pikiriçe, perenji arap ýurtlarynyň jokrama yssysyndan we çägeli ýellerinden aýallaryň öz ýüzüniň asyl reňkini goramagy üçin gerek bolupdyr. Şoňa görä-de merkezi aziýa ýurtlarynyň aýallary üçin ol hökman däldir.

Waleriýa Porohowa mundan başga-da Gurhanyň aýallaryň kellesini we bedeniniň ünsi çekýän beýleki ýerlerini ýapmaklygy ündeýändigini aýdýar.

Porohowa yslam dininde ýaşy bir çene ýeten we köp ýyllap nikada bolan aýallara başatgyjyň ornuna kellesini başga örtgi bilen ýapmaga-da rugsat edilýändigini aýdýar. Muny aýtmak bilen, ol özüni mysal getirýär. Ol 45 ýyldan bäri nikada we şol sebäpdenem indi onuň başynda aýal şlýapasy bar.

Musulmança nikalaşmak we aýrylyşmak

Din meseleleri boýunça bölümiň wekili Kaýrat Lama Şarif žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

“Hakykatdanam häzirki döwürde köp gyzlar durmuşa çykanlarynda resmi ZAGS bölümlerinde nikalaşanoklar. Olar raýat nikalaryny baglaşýarlar we olaryň hukuklary kemsidilýär.

Biraz wagtdan soň ol maşgalada dawa ýüze çykýar we musulman erkek üç sapar ”sen talak” diýýär-de, aýalyny taşlap gidýär we hiç hili jogapkärçilik çekenok. Bu problema bilen häzirki döwürde aýallar meselesi boýunça milli komissiýa meşgullanýar.

Biz hem bu problema garşy. Bize bu mesele boýunça köp hatlar gelip gowuşýar we bu mesele barada biz Gazagystanyň dini dolandyryşyna ýüz tutduk. Musulmançylyk boýunça nika gyýmazdan ozal aýalyň ZAGS bölüminde nikasyny resmileşdirendigine göz ýetirmeli.

Altynbaý Baýzakowa

Altynbaý Baýzakowa

Şondan soň nika däbini metjitde gaýtalamaly. Toý mekanlarynyň köpüsinde ýörite musulman däpleri boýunça nika gyýylýan otaglar bar” diýip, Kaýrat Lama Şarif gürrüň berdi.

Talyp gyz Altynbaý Baýzakowa Azatlyk Radiosyna Gazagystanyň Dini meseleler boýunça iş alyp barýan bölüminiň ymamlardan şuny haýyş edendigini aýdýar: musulman däpleri boýunça nika, ol ilki ZAGS bölümlerinde resmileşdirilenden soň, metjitlerde gyýylmaly.

Azatlyk Radiosyna özüni Balziýa diýip tanadan, Almaty şäherinden bolan musulman aýal, özüniň musulman adamsy bilen diňe şerigat esasynda nikalaşandygyny aýdýar. Indi bolsa ol aladalanýar.

Onuň sözlerine görä, 2012-nji ýylda onuň adamsy terrorizme ilteşiklilikde aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdir we şu wagt Gazagystanyň beýleki çetindäki türmede saklanylýar.

Indi ol aýal üç çaga bilen galypdyr we hiç ýerde-de işlänok. Maşgalany onuň adamsynyň bir özi ekleýär eken. Üstesine-de, ol aýal, ozal nikasy resmileşdirilmänligi üçin, indi hökümetden çagalaryna kömek puluny hem alyp bilenok.

“Umydymy diňe Alla baglaýaryn” diýip, Balziýa gürrüňini tamamlaýar.
XS
SM
MD
LG