Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Türkmenistanyň neşä garşy göreşine baha berdi


Neşe gaçakçylarynyň elinden alnan pul, Türkmenistan, 2010.

Neşe gaçakçylarynyň elinden alnan pul, Türkmenistan, 2010.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Neşä gözegçilik boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Döwlet departamentiniň Kongresse hödürlän Neşä gozeglçilik boýunça halkara strategiýasy atly hasabatynda dünýäniň dürli ýurtlarynda neşä we himiki serişdelere gozegçilige, bikanun pullary ýuwmak meselesine hem maliýe jenaýatçylyklary bilen bagly ýagdaýa syn edilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Neşe baradaky täze ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň Owganystanda öndürilýän neşe serişdeleriniň gatnaw ýollarynyň biridigi aýdylýar. Hasabata görä, owgan neşesi Türkiýä, Orsýete we Ýewropa ýurtalryna göni Türkmenistanyň üstünden ýa-da soňra Eýranyň üsti bilen aýlanyp geçirilýär.

Şol bir wagtda-da Türkmenistan neşe öndürýän ýurt däl, ýurtda ele salynýan neşe serişdeleri, esasan, 713 kilometrlik türkmen-owgan serhedinde ýa-da 952 kilometrlik türkmen-eýran serhedinde tutulýar diýip, hasabatda bellenilýär.

Neşä garşy göreş

Neşä garşy göreş Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan mesele. Emma ýurtdan ynamly statistika maglumatlary almak kyn.

Hökümetiň 2012-nji ýylda neşe sebäpli tussag edilen bendileriň günäsini geçmezlik barada çykaran karary netijesinde ýurduň içinde neşe serişdeleriniň söwdasynyň azalandygy habar berilýär. Türkmenistan halkara guramalar we diplomatik missiýalar bilen çäkli derejede hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirýär, emma onuň kanuny goraýjy edaralary zerur serişdeleriň ýetmezçiligini duýýar we türgenleşiklere mätäç. diýip, Döwlet departamentiniň hasabatynda aýdylýar.

Maglumata görä, Türkmenistanyň hökümeti ýuruň Owganystan we Eýran bilen serhedinden geçýän neşe akymlaryny saklamak üçin öz serişdeleriniň uly bölegini ulanýar. Gaçakçylyk ýoly bilen serhetden geçýän neşe, adatça, ýük we ýolagçy transport ulaglarynda gizlenilýär. Käte adamlaryň we haýwanlaryň içine salnyp geçirilýär.

Prezident Berdimuhamedowyň neşe bilen baglylykda tussag edilen bendileriň günäsini geçmezlik barada çykaran kararyndan soň ýurduň içinde neşe söwdasynyň azalandygy, munuň bilen baglylykda köp ilatly ýerlerde neşäniň bahasynyň galandygy hasabatda aýdylýar.

Hasabatda türkmen hökümetiniň 2012-nji ýylda neşä garşy geçiren çäreleriniň arasynda Neşä we neşe söwdasyna garşy halkara gününe gabatlap, 635 kilo geroini oda ýakandygy, şeýle-de Türkmenistanyň Neşä garşy göreş boýunça milli gullugyny Sagdyn jemgyýeti goramak boýunça edara öwrüp, arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihika täsir ýetirýän serişdelere garaşlylykdan ejir çekýän adamlara degişli kanuna gol çekendigi aýdylýar.

Neşekeşlik derejesi

Hasbatda bellenişine görä, Türkmenistanda neşekeşleri bejermek üçin Aşgabatda Saglyk ministrliginiň garamagynda ýedi sany keselhana, her welaýat merkezinde-de bir keselhana işleýär. Neşekeşler mugt bejergi alyp bilýärler, üstesine-de, bu keselhanalarda hassalaryň her gününe 10 dollara golaý pula barabar däri-derman ulanmak göz öňünde tutulýar.

Emma elýeterli statistiki maglumatlaryň alty ýyl mundan ozalky döwre degişlidigi, şol maglumatlaryň agzalan döwrüň dowamynda neşekeşleriň sanynyň üç esse artyp, 33,697 adama ýetendigini görkezýändigi ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de, kanuny goraýjy edaralaryň işgärleriniň aýlyklarynyň pes bolmagynyň korrupsiýa ýol açýandygy, serhet geçelgelerinden gaçakçy önümleriň para berip geçirilýändigi, kanuny goraýjy edaralaryň neşe gaçakçylygynda eli bar diýen pikirleriň ýurtda giň ýaýrandygy hasabatda bellenýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti öz hasabatynda türkmen hökümetiniň neşe problemasyny açyk gozgap başlandygyny we türkmen tarapynyň bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygyna isleg bildirýändigini belläp, neşä garşy göreş ugurdan Türkmenistanda alnyp barylýan programmalarň dowam etdirilmekçidigini aýdýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň täze ýyllyk hasabatynda dünýäde neşä we himiki neşe serişdelerine gozegçiligiň amala aşyrylyşy we bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagy hem maliýe jenaýatçylyklary bilen bagly ýagdaýa berlen baha 2012-nji ýyla degişli.
XS
SM
MD
LG