Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistana bag satýan türkiýeli işewür


Mustafa Bilginiň agaç we bezeg ösümlikleri hojalygy

Mustafa Bilginiň agaç we bezeg ösümlikleri hojalygy

Türkmenistanda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowuň ýörite karary bilen, 2013-nji ýylda ýurtda 3 million düýp agaç oturdylmaly edildi. Türkmenistanda oturdylýan agaçlaryň we bezeg ösümlikleriniň, esasan, Türkiýeden satyn alnyp getirilýändigi aýdylýar. Eýsem, olaryň Türkiýeden alynmagynyň sebäbi näme bolup biler?

Bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan, türkmenistanlylar bilen işleşýän, Sapança etrabynda agaç we bezeg ösümlikleri firmasynyň ýolbaşçysy Mustafa Bilgin bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Bilgin, siz agaç ýetişdirmeklik işi bilen haçandan bäri meşgullanýarsyňyz?

Mustafa Bilginiň hojalygy

Mustafa Bilginiň hojalygy

Mustafa Bilgin: 2000-nji ýyldan bäri agaç we bezeg ösümlikleri ýetişdirmeklik bilen meşgullanýaryn. 2002-nji ýyldan bäri hem bu işi hünärmenlik derejesinde alyp barýaryn.

Azatlyk Radiosy: Agaç we bezeg ösümliklerini haýsy ýurtlara eksport edýärsiňiz?

Mustafa Bilgin: Türk ülkeleri; Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, goňşymyz Demirgazyk Yrak, Ýewropada bolsa: Gollandiýa, Italiýa, Belgiýa we Germaniýaň üsti bilen eksportlarymyzy amala aşyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryňyz haçandan bäri dowam edýär?

Mustafa Bilgin: Türkmenistan bilen söwda gatnaşygymyz mundan takmynan bir ýarym ýyl owal Türkmenistanda işleýän bir tanşymyň üsti bilen başlady. Türkmenistanyň döwlet baştutany ýörite buýruk berenden soňra agaç we bezeg ösümlikleri babatda biziň üçin täze bazar döredi.

Mustafa Bilginiň hojalygy

Mustafa Bilginiň hojalygy

Şeýlelikde döwlet ýolbaşçysynyň karary esasynda tabşyrylan bir işi durmuşa geçirmeklik bilen işe başladyk. Geçen ýyl Türkmenistandan oba hojalyk we tokaý hojalygy hünärmenlerinden ybarat bolan bir iş topary Sakarýa welaýatynyň Sapança etrabyna ýagny biziň ýanymyza geldi.

Olar bilen owal döwlet işgärleriniň üsti bilen aragatnaşygy ýola goýupdyk. Hünärmenler toparyny meniň özüm gezdirdim we olara gerek bolan ugurlarda kömek etdim. Türkmen topar Türkiýäniň tokaý hojalygy pudagy barada, agaç we bezeg ösümlikleriniň ýetişdirilişi babatda ylmy maglumatlar ýygnap gitdiler.

Topar Türkmenistana gaýdyp barandan soň Türkiýe bilen ediljek işler babatda karara gelip, ýörite býujet taýýarlap, biziň bilen işleşmäge başladylar. Ýagny Türkiýeden agaç we bezeg ösümliklerini import edip başladylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan iň köp haýsy agaç we bezeg ösümligini satyn alýar?

Aslymyzyň bir bolmagy, ýagny dogan halk bolşumyz hem uly rol oýnaýar

Mustafa Bilgin: Türkmenistan iň köp suwsyzlyga we guraklyga çydamly agaçlar bilen ösümlikleri alýar. Şonuň ýaly-da miweli agaçlara ýykgyn edýärler. Mysal üçin: dürli arça görnüşlerini, miwe agaçlaryndan bolsa: üljeler ýa-da igde ýaly has köp guraklyga çydamly agaçlardyr-ösümlikleri satyn alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Bilgin, Türkmenistan näme üçin ylaýta-da Türkiýeden agaç we bezeg ösümlikleri alýar. Size görä munyň bir aýratyn sebäbi barmy?

Mustafa Bilgin: Birinji sebäbi, Türkiýede agaçlar we bezeg ösümlikleri arzan. Ikinjiden Türkiýeden Türkmenistana daşamak has aňsat. Şeýlelik-de Türkiýeden agaçlar we bezeg ösümlikleri alynan mahaly has amatly düşýär.

Onsoňam Ýewropanyň howa şertleri çygly bolansoň ol ýerden getiriljek agaçlaryň we ösümlikleriň Türkmenistanyň howa şertlerine öwrenişmegi mümkin däl. Bu sebäpden hem Türkiýäniň agaçlarynyň we ösümlikleriniň Türkmenistanyň howa şertlerine öwrenişmegi we türkmen tebigatyna ysnyşmagy has aňsat bolýar. Munuň ýanynda aslymyzyň bir bolmagy ýagny dogan halk bolşumyz hem uly rol oýnaýar diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Bilgin, Türkmenistana eksport edýän agaçdyr-bezeg ösümlikleriňiziň bahalary Türkiýeden we başga ýurtlara satýanlaryňyzdan tapawutlanýarmy?

Aşgabatda gurap oturan arçalar

Aşgabatda gurap oturan arçalar

Mustafa Bilgin: Agaçlaryň we ösümlikleriň bahalary Türkiýede nähili bolsa Türkmenistan üçin hem edil şol bahalardan satýarys. Bir türkiýeli haýsy bahadan alýan bolsa, türkmenistanlylara hem edil şol bahalardan satýarys.

Meselem iň köp gidýän nahallaryň bahasy iň azyndan Türkiýede 25 we 50 türk liras, ýagny $13 we $27 aralygynda bolsa, Türkmenistan üçin hem edil şol bahalardan satýarys. Hawa, käwagt doganlygymyz üçin biraz arzanrak berýän wagtlarymyz hem bolman duranok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG