Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň esgerleri zamun alyndy


Penşenbe güni Filippinleriň hökümeti BMG-niň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň düzümindäki 21 sany filippin esgeriniň Siriýadaky söweşijiler tarapyndan zamun alynmagyny ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Hepdäniň çarşenbe güni Ysraýyl bilen Siriýanyň aralygyndaky Golan belentliklerinde siriýaly ýaragly söweşijileriň bir topary BMG-niň parahatçylygy goraýjy esgerleriniň 21-sini zamun aldy.

Olaryň bu zamun alyşlygyny görkezýän wideo ýazgy çarşenbe güni “YouTube” saýtynda peýda boldy.

Zamun alyjylar tä Siriýanyň hökümet güýçleri bu regiondaky Golan ilatly punktuny terk edýänçäler, özleriniň BMG-niň bu esgerlerini goýbermejekdiklerini yglan etdiler.

Penşenbe güni Filippinleriň Daşary işler ministrligi esgerleriň azat edilmegi boýunça häzirki wagt özara gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG