Sepleriň elýeterliligi

Belarus 8-nji martda matam tutar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çaweziň ölümi sebäpli Belarusda Halkara aýal-gyzlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylýandygyny yglan etdi.

8-nji martda bellenilip geçilýän Halkara aýal-gyzlar güni Belarusda, adatça, ýörite baýramçylyk çäreleri we konsert programmalary bilen bellenilip geçilýär we şol gün ýurtda dynç güni yglan edilýär.

Bu ýyl 8-nji mart güni Belarusda Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çaweziň ölümi sebäpli yglan edilen üç günlük matam gününe gabat gelýär. Prezident Aleksandr Lukaşenko 6-8-nji mart aralygynda Ugo Çaweziň hatyrasyna Belarusda matam gününi yglan etdi.

Minsk şäheriniň meri Nikoloaý Laduska Belarusyň paýtagtynyň köçelerinden birine Ugo Çaweziň adynyň dakyljakdygyny mälim etdi.

Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawez hepdäniň sişenbe güni 58 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol soňky iki ýyla golaý wagt bäri rak keselinden bejergi alyp gelipdi.
XS
SM
MD
LG