Sepleriň elýeterliligi

Täze Tolkun gepleşigimiziň bu tapgyrynda, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birine giren emma Türkmenistandan çykmaga rugsat edilmänsoň, okuwyny dowam etdirip bilmedik türkmenabatly Gülşan bilen söhbetdeş bolduk;

Şeýlede Gülşanyň ýagdaýyna düşen beýleki bir türkmenistanly studentiň, nädip ýurtdan çykandygy baradaky tejribesi bilen tanyşdyk. Türkiýäniň "Türkiýe Burslary" edarasynyň stipendiýa üçin arzalary kabul edip başlandygy barada söhbet etdik;

Ondan başga-da owganystanly türkmen gyzlarynyň geýinmek däbinde göze ilýän özgerişiklikler we oňa bolan reaksiýalar barada durup geçdik. Gepleşigimizde Orsýetiň perisi diýen ady gazanan Elmira Abdyrazakowanyň üstünligi we oňa bu sebäpden edilýän hüjümler barada hem maglumat berdik.

Şeýle-de diňleýjilerden gowuşan käbir teswirlere hem göz aýladyk. Programmany diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG