Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çöpleme: Adam çykarmy?


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
Adam çykarmy?

Bir kişi oglyny “Ýerde goýsaň ys bolar, asmanda goýsaň pos bolar” diýleni edip, juda lälik saklapdyr. Ýalňyş terbiýe berendigine ogly jahyllykdan saýlanyp, ýigit çykanda göz ýetiripdir. Ol bu ýagdaýdan çykalga gözläp, ogluny-da ýanyna alyp, kakasynyň ýaşaýan obasyna gidýär.

Kakasyny bir çete çykaryp:
- Kaka, seniň “Çagany başdan…” diýen pendiňi tutman, oglumy lälik sakladym. Ol meniň göwnümiň isleýän ýigidi bolup ýetişmedi. Iş ýokmaz, ýalta. Üstesine-de yzgytsyz, gaharjaň. Ula-kiçä hormat-sylagy ýok. Heý, mundan adam çykarmy? – diýip sorapdyr.
Oglunyň düşen ýagdaýyna gynanan kakasy:
- Hany, bäş-üç gün ýanymda boluň! “Çykmadyk janda umyt bar” diýleni. Ondan-mundan gürrüň edip,syn edip göreýin, belki, saklanyp galan oňat häsiýeti-de bardyr – diýipdir.

Aradan şonça mütdet geçýär. Ogly ýehe-de “Mundan adam çykarmy?” diýen sowalyny gaýtalaýar. Kakasy ahmyr bilen başyny ýaýkap “ Ýok, mundan adam çykmaz” diýýär.

Lapy keç bolan ogly:
- Bu meniň garaşýan jogabymdy. Adam çykmasa, goý, çykmasyn. Mundan polis (polisiýa işgäri-de) çykmazmy? – diýip,kakasyna sowal berýär.

Kakasynyň ýüz-gözi açylýar:
- Tüýs üstünden bardyň, şu yzgytsyz häsiýeti bilen gül ýaly polis bolar – diýýär.

Garny ýogyn baýlar

XX asyryň 30-njy ýyllarynda bolşawikler barly-barjamly adamlara “Kulak”, “Kulak guýrugy” diýen ýaly günä-aýp bildirip, kulakçylyga çekip başlaýar. Kulakçylyga çekilenleriň bir bölegine atuw jezasyny berýär, galanlaryny maşgalasy bilen Türkmenistanyň daşyna – ýat, uzak ýurtlara
sürgün edýär.

Barjamly adamlar bu gara apatdan başyny gutarmak üçin basmaçy bolup, çöle çykýar. Käbiri maşgalasy, mal-mülki bilen serhetden aňra – daşary ýurtlara aşýar. Esen baý diýilýän bir baý bolsa obada arkaýyn gezip ýörenmişin.

Obadaşlary:
- Esen däde, özüň ýaly baýlaryň bir bölegi basmaçy bolup çöle çykdy, ençemesi daşary ýurtlara gaçyp gitdi. Başyňy, maşgalaňy bu bela-beterden halas et! Sen näme, bolşawikden gorkaňokmy? – diýip sowal beripdir.

Sada, ynanjaň Esen baý:
- Bolşawikler her gün “Ýok bolsun, garny ýogyn baýlar!” diýip, goh edýär. Men bolsa göwresi çepiksi, hor baý. Bolşawikler men ýaly hor baýlara degmejege meňzeýär – diýip, sowal beren obadaşlaryna gara çyny bilen jogap beripdir.

“Idi suýuda”

XX asyryň 30-njy ýyllarynda bir obaly şähere gidip,ol ýerde 2-3 aý işläp, obasyna dolanypdyr.

Obadaşlary ondan:
- Esli wagt şäherde işlediň. Orusça (rusça) geplemegi öwrendiňmi? – diýip sorapdyr.

Ol “Gözüne gül salýan” diýipdir. Obadaşlarynyň biri :
- Orusça “Bäri gel!” diýjek bolsaň, näme diýmeli? – diýip sorapdyr.

Şäherde işläp gelen:
- Ýanyňa çagyrjak adamyňa barmagyňy çommaldyp “Idi suýuda”
diýseň bolany – diýýär.

Başga bir obadaşy “Git” diýjek bolsaň, näme diýmeli?”
diýip soraýar. Şäherde işläp gelen:
- Ol hasam aňsat. “Git” diýjek adamyň beýle tarapyna geçip, barmagyňy çommaldyp “Idi suýuda” diýseň, gümüni çekip gider – diýipdir.

Toplan, il içinden çöplän Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG