Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stalin Türkmenistanda nähili ýatlanýar?


Iosif Stalin
Iosif Stalin
Sowet Soýuzyna uzak wagt, 1924-nji ýyldan 1953-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden Iosif Staliniň ýogalan gününe 60 ýyl doldy.

Orsýetde bu senäniň öň ýanynda geçirilen pikir soraşlyklar SSSR dargandan soň Stalini goldaýanlaryň köpelendigini görkezýär.

Garaşsyz Lewada merkeziniň pikir soraşlygyna gatnaşanlaryň ýarpysyna golaýy onuň ýurduň durmuşynda oýnan roluna oňyn garaýan eken.

Şonuň bilen bir wagtda, SSSR ýykylandan soň Staliniň ýurt dolandyran ýyllary, bolan wakalar hakynda ors dilinde köp makala, ýatlama ýazyldy, çeper eserler, dokumental kinolar döredildi.

Emma türkmen dilinde Stalin barada her taraply maglumat berilýän makalalar, çeper ýa dokumental kitaplar, kinolar ýeterlik diýip bolmaýar.

Herhal, geçen asyryň 30-njy ýyllaryndaky zorlukly kollektiwleşdirme, baý-kulakçylyk, “arassalaýyş” döwri barada il içinde hemişe gürrüň edilýärdi.

Indi çap edilýän dokumentlerden mälim bolşuna görä, Stalin döwrüniň türmelerinde 1939-njy ýylda 9352 türkmen bolan bolsa, bu san 40-njy ýylda 9411-e, 41-nji ýylda 9689-a ýetipdir. 1951-nji ýylda sowet türmelerinde 5343 türkmen jeza çekýän eken.

Eýsem Staline, onuň yzynda galdyran mirasyna türkmen jemgyýetçiliginde nähili garalýar?

Azatlyk Radiosynyň bu temadan guran söhbetdeşligine Türkmenistandan hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG