Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň jaý hem mellek hupbaty


Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýy
Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýy
Golaýda Türkmenistanyň prezidenti döwlet eýeçiligindäki rezidensiýalaryň birini ýaşaýyş jaýyna öwrüp, ony Aşgabatda ýaşaýan köp çagaly maşgalalara mugt bermek barada görkezme berdi.

Elbetde, bu şol binadan jaý aljak maşgalalar üçin uly şatlykly habar. Ýöne bu, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ýurtdaky jaý, mellek meselesiniň çözgüdi bolup görünmeýär.

Ýurt içinden gowuşýan habarlara görä, soňky ýyllarda dürli gurluşyklar sebäpli ýykylan ýaşaýyş jaýlarynyň köpelmegi, şäherlerde we obalarda jaý salmak üçin ýer bölüp bermegiň çäklendirilmegi ilatyň, hususan-da köp çagaly maşgalalaryň, ýaş çatynjalaryň jaý üpjünçiligi meselesini ýyl-ýyldan agyrlaşdyrýar.

Galyberse, jaýlary ýykylyp, ozalky jaýyndan has dar jaýlara ýerleşdirilýän maşgalalaryň hem bardygy hakynda habarlar gowuşýar.

Şol bir wagtda, resmi maglumatlara görä, ýurtda oba, şäher gurluşygyna, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ummasyz kän döwlet serişdesi harçlanýar. Emma şol gurulýan jaýlaryň bahasynyň ýönekeý adamlar, köp çagaly maşgalalar, ýaş çatynjalar üçin aşa gymmatdygy aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý problemasynyň nähili anyk çözgütleri bar? Bu ugurda nähili işler edilse gowy boljak?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlamagy planlaşdyrýar.

Eger bu barada öz pikirleriňizi, bellikleriňizi iberseňiz, hoşal bolardyk.

Siziňçe, türkmenistanlylaryň jaý, mellek ýeri babatdaky kynçylyklary nädip aradan aýrylyp biler? Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG