Sepleriň elýeterliligi

Ozalky gyrgyz ministri sud edildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň sudy ýurduň ozalky sosial-gorag ministri Rawşan Sabirowy korrupsiýada aýyplap, ony bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bişkegiň şäher sudy Sabirowyň berk gözegçilik şertli türmede saklanmalydygy we onuň emläginiň-de konfiskasiýa edilmelidigi barada höküm çykardy. Onuň ozalky kömekçisi Tahir Mirzahmedow hem penşenbe güni üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bişkegiň sudy ozalky çinownikleriň ikisiňem gyrgyz çagalaryny daşary ýurtly raýatlara perzentlige bermek işlerinde para alanlykda günäli tapdy.

Rawşan Sabirow 2011-nji ýylyň dekabryndan 2012-nji ýylyň iýulyna çenli aralykda Gyrgyzystanyň sosial-gorag ministri wezipesinde işläpdi we 2012-nji ýylyň iýulynda tussag edilipdi.

2012-nji ýylyň noýabrynda geçirilen ozalky sud prosesinde Rawşan Sabirow aklanypdy, Tahir Mirzahmedowa bolsa alty ýyl türme tussaglygy berlipdi. Emma Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň şikaýaty esasynda olaryň işi boýunça sud diňlenişigi şu gün gaýtadan geçirildi we täzeçe höküm çykaryldy.
XS
SM
MD
LG