Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýa Orsýet bilen ylalaşygy ýatyrdy


Penşenbe güni Bolgariýanyň parlamenti Orsýetiň nebitini bu ýurduň üsti bilen Gresiýa geçirmek barada baglaşylan ozalky ylalaşygy ýatyrmak barada ses berdi. Bu ylalaşygy ýatyrmaklygy deputatlaryň 115-si goldady we diňe 25-si oňa garşy ses berdi.

Bolgariýa 2007-nji ýylda bu ýurduň Burgas port şäherinden başlap Gresiýanyň Aleksandropolis şäherine çenli nebit truboprowodynyň çekilmegi barada Orsýet bilen ýörite ylalaşyk baglaşypdy.

Bu proýekte laýyklykda, Orsýet öz nebitini Gara deňziniň asty bilen Bolgariýa ýetirip, ondan aňryk Gresiýa çenli Bolgariýanyň üsti bilen 280 kilometrlik truboprowod çekmekçidi.

Ýöne ýakynda wezipesinden çekilýändigini yglan eden Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow 2007-nji ýylda göz öňünde tutulan töleg ylalaşyklarynyň häzirki şertlere laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu proýektiň Bolgariýa üçin amatsyzdygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG