Sepleriň elýeterliligi

Phenýan Seul bilen ylalaşygy ýatyrdy


Anna güni Demirgazyk Koreýanyň hökümeti Günorta Koreýa bilen baglaşylan birek-birege hüjüm etmezlik baradaky şertnamany ýatyrýandygyny yglan etdi.

Phenýan özüniň bu baradaky kararyny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalary girizmek barada rezolýusiýa kabul etmeginden birnäçe sagat geçensoň yglan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň ýörite Komiteti bu barada ýaýradan beýanatynda Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan Günorta Koreýa bilen baglaşylan özara hüjüm etmezlik baradaky ähli ylalaşyklaryň ýatyrylýandygyny belläpdir.

Mundan daşary, bu baradaky beýanatda Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky “gyzgyn liniýa” diýlip atlandyrylýan aragatnaşyk liniýasynyň-da kesilýändigi aýdylýar.

Hepdäniň penşenbe güni Demirgazyk Koreýa birtaraplaýyn ýagdaýda Birleşen Ştatlara garşy ýadro hüjümini amala aşyrmagynyň-da mümkindigi bilen duýduryş ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG