Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaweziň jesedi “müdümilik” saklanar


Anna güni Wenesuelanyň döwlet lideriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikolas Maduro bu ýurduň aradan çykan prezidenti Ugo Çaweziň jesediniň doňdurylyp, mawzoleýde saklanjakdygyny mälim etdi.

Şeýle-de, ol bu çäre amala aşyrylmazyndan öň jemgyýetçiligiň Ugo Çawez bilen hoşlaşmagy üçin onuň jesediniň ýene ýedi günläp harby akademiýanyň binasynda tabytda saklanjakdygyny aýtdy.

Bu barada eden çykyşynda Nikolas Maduro Ugo Çawezi Wladimir Lenin, Ho Şi Min we Mao Szedun ýaly kommunistik liderler bilen deňeşdirip, onuň jesediniň taryh üçin “ebedileşdirilmelidigini” nygtady.

Ugo Çawez bilen resmi hoşlaşyk çäresi Wenesuelada anna güni gurnalýar. Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdunyň liderleri gatnaşar diýlip garaşylýar.

Wenesuela 14 ýyllap liderlik eden Ugo Çawez hepdäniň sişenbe güni 58 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol soňky iki ýyla golaý wagt bäri rak keselinden bejergi alyp gelipdi.
XS
SM
MD
LG