Sepleriň elýeterliligi

8-nji mart: Işleýän ejeler


Roýa Rafiýewa çagasy bilen

Roýa Rafiýewa çagasy bilen

Maşgala bilen işi nädip utgaşdyrmaly? Bu sorag dünýäniň köp künjeginde aktual bolmagyna galýar. 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar baýramçylygy mynasybetli Azatlyk Radiosy käbir ýurtlardaky işleýän eneleriň ýagdaýyna nazar aýlady.

Azerbaýjan

Roýa Rafiýewa ejesiniň bir edarada hasapçy bolup gün uzyn işlänini görüp ulalypdyr.

"Ol wagtal-wagtal meni öz işleýän ýerine alyp giderdi. Men şol ýerde sapaklaryma taýýarlyk görerdim" diýip, Rafiýewa gürrüň berýär.

31 ýaşly Rafiýewanyň özi hem indi işli ene. Bakuwda her günde doly iş gününi zähmet çekip geçirýän bu žurnalistiň iki ogly bar. Şakir sekiz, Amin hem üç ýaşynda. Rafiýewanyň her güni ertir ir bilen sagat 6-da başlanýar.

Ol ertirlik naharyny taýýarlandan soň öý-içerini arassalaýar. Ondan soň hem Şakiri mekdebe ýollap, Amini çagalar bagyna eltýär. "Ýeni Musawat" gazetinde habarçy bolup işleýän Rafiýewanyň işi käwagtlar agşam sagat 8-de tamamlanýar.

Roýa Rafiýewa üç ýaşly ogly bilen. Baku.

Roýa Rafiýewa üç ýaşly ogly bilen. Baku.


Çagalary ekläp-saklamakda azerbaýjanlylaryň aglabasy öz eje-kakalaryna ýa ene-atalaryna bil baglaýarlar. Ýöne Rafiýewanyň beýle mümkinçiligi ýok. Onuň öz maşgalasynyň hem-de gaýynlarynyň ýaşaýan ýeri Bakuwdan uzakda.

"Kämahallar işden öýe gelemde, şeýle bir ýadaw welin, men-de nahar edere-de güýç bolmaýar" diýip, Rafiýewa aýdýar. Ol çagalaryny günde diňe 3-4 sagat görüp bilýändini aýdýar. "Iň gowy tarapy – meniň öz maşgalamy maliýe taýdan üpjün edip bilýändigim. Ýöne gowy tarapdan kyn taraplar köp" diýip, Rafiýewa aýdýar.

Täjigistan

Şahnaz Komilzoda işe gidende, onuň duşenbeli işewür zenanlardan hiç bir tapawudy ýok. Ýöne Orsýetiň "MegaFon" mobil kompaniýasynyň täjik bölüminde işleýän Komilzoda edaradaka-da öýüni, sekiz ýaşly ogly Suruş bilen alty ýaşly gyzy Mumtazy bir salym-da ýatdan çykaranok.

Şahnaz Komilzoda gyzy bilen

Şahnaz Komilzoda gyzy bilen


"Çagaly bolsaň, üstünlikli karýeraly bolmak gaty kyn. Çagalaryň biri syrkawlasa, öýe ýygydan jaň edip, olaryň ýagdaýyny soraýaryn. Öz işimi doly edip bilemok" diýip, 32 ýaşly Komilzoda gürrüň berýär.

Garyplykdan, ilatyň uly böleginiň ýurduň daşynda, başga ýurtlarda işlemeli boýanlygyndan ejir çekýän Täjigistanda Komilzodanyň güzeran ýagdaýy köp adamlaryňkydan gowy.

Çagalara seretmekde adamsy oňa kömek edýär. Ene-atasynyň ýaşaýan ýeri-de uzakda däl. Suruş bilen Mumtaz mekdepden gelende, olara göz-gulak bolmak üçin bu maşgala iki sany eneke tutupdyr.

Olaryň her birine aýda 135 dollar töleýärler. Iş bilen durmuşyň deňagramly bolmagy Komilzoda üçin bir tebigy zat. Onuň özi çagaka ejesi-de, kakasy-da işläpdir.

6-njy klasdaka eline öýüň açary berleni heniz-de onuň ýadynda. "Men mekdepden gelemde, öýde ýeke bolup, ejem-kakamyň gelerine garaşýardym" diýip, Komilzoda ýatlaýar.

Pakistan

Pakistanyň Hiber Puhtunhwa welaýatynda aýallaryň öýden daşarda işlemegi bir adaty zat däl. Bu ugurda şu wagt hem üýtgän zat ýok. Ýöne Şazma Haleem erkek dogany ýok bir garyp maşgalanyň ýedi gyzynyň iň ulusy bolansoň, 30 ýyl mundan ozal iş tampaga mejbur bolupdyr.

Şazma Haleem çagalaryna öý işleri bilen kömekleşýär

Şazma Haleem çagalaryna öý işleri bilen kömekleşýär


Ol şondan bäri işleýär. Onuň iki ogly bar. Biriniň ady Meşaal, beýlekisiniň ady Abdaal. Bu gün Peşawarda giňden tanalýan telewideniýe we radio aktrisasy bolan Haleem özüniň garyndaşlaryndan, beýleki obadaşlaryndan köp sögünç eşidendigini aýdýar. "Aýal maşgalanyň işlemegi olaryň medeniýetine tersdi. Ýöne her hal olary yrmak maňa başartdy" diýip, Haleem aýdýar.

Haleemiň işi köp bolsa-da, ol durmuşyndan razy. "Durmuşda iň gowy zat çagalaryma okuwlarynda kömek etmek. Meniň iň şat pursatlarym – olar mekdepden gowy bahalar alyp gelenlerinde bolýar.

Ol özüne işlemäge erkinlik bereni üçin adamsy, žurnalist Akeeli öwýär: "Ol maňa ähli işde kömek edýär. Ol bolmadyk bolsady, men heniz hem kakamyň öýünde garaşyp oturardym" diýip, Haleem gürrüň berýär.

Gazagystan

Almatyda uniwersitet mugallymy bolup işleýän, iki çaganyň ejesi, 27 ýaşly Dinara Kiýalowanyň her bir güni beýlekiden üýtgeşik. Onuň dört ýaşly ogly Abzal bilen iki ýaşly gyzy Aýkanym çagalar bagyna gidýärler.

Dinara Kiýalowa

Dinara Kiýalowa


Kiýalowa bilen bir kärhanada programmaçy bolup işleýän adamsy ir sagat 7-de işe başlaýar, är-aýal agşamlyk sagat 8-de öýe gelýärler. Öýdäki boşlugy bolsa Kiýalowanyň şol ýakynda ýaşaýan ejesi bilen kakasy doldurýarlar.

"Gündizine ähli jogapkärçilik - nahar bişirmek, öý-içerini arassalamak, çagalara seretmek - ejemiň üstüne düşýär. Çagalarymyzy mekdepden kakam alyp gaýdýar" diýip, Kiýalowa aýdýar.

Kiýalowa özüniň işli dünýäniň bir bölegidigine begenýär. "Sen öýden çykýarsyň, adamlar bilen duşuşýarsyň. Men her gün öz studentlerim bilen gürleşýärin. Özümi döwrebap durmuşyň içinde duýýaryn" diýip, Kiýalowa aýdýar.

Muňa garamazdan, öýde bolmak pikiri oňa ýaraman duranok. Kiýalowa bilen onuň adamsy ýene bir çagaly bolmagy arzuw edýärler. Beýle bolsa, onda ol öz işini taşlamakçy.

Ýöne bir adamynyň gazanjy bilen bütin maşgalany eklemek aňsat däl. Adamsynyň işi gowy, emma Kiýalowa öýde boljak bolsa, ol häzirkisinden has köpräk gazanç etmeli. "Şu babatda adamymyň wezipesini ulaltmak üçin elimden geleni edýärin" diýip, Kiýalowa gürrüňini jemleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG