Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda aýallaryň gurultaýy geçdi


Halkara aýal-gyzlar gününiň bosagasynda penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň aýal-gyzlar Birleşiginiň 2-nji gurultaýy geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde ýurduň dürli künjeklerinden 500 töweregi delegat gatnaşdy.

Bu gurultaýyň barşynda soňky ýyllar aýal-gyzlar Birleşiginiň alyp baran işleri barada bu Birleşigiň Merkezi Geňeşiniň başlygy M.Ýazmuhammedowa ýörite hasabat bilen çykyş etdi. Bu forumda gurultaýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň aýal-gyzlar Birleşiginiň Düzgünnamasynyň täze redaksiýasyny-da tassykladylar.

Şu gurultaýyň barşynda prezidentiň permany bilen “ýaş nesli terbiýelemek işinde bitiren uly hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulmagyň nyşany hökmünde” diýlip, birnäçe aýal maşgala “Ene mähri” diýen at dakyldy we onuň nyşany gowşuryldy.

Penşenbe güni aýal-gyzlar baýramçylygynyň hatyrasyna Aşgabatdaky “Maslahat köşgünde” uly konsert hem gurnaldy.
XS
SM
MD
LG